Bagşyly halk — bagtly halk

2 Awgust 2024
250

«Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýýär, pederlerimiz. Bu, hakykatdan, şeýle. Şahandazlygy bilen asyrlar aşan türkmen iliniň saýrak owazly bagşy-sazandalary ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, bagtyýar ýaşaýşyny aýdym-sazyň üsti bilen wasp edip, halka hemişe ruhy lezzet berip gelýärler. Şu ýerde aýdym aýtmaga höwes bildirip, eline dutar alyp, kynçylyklara garamazdan, halkyň öňüne çykan ilkinji zenan bagşylar barada gürrüň bermek has gyzykly bolsa gerek. «Mukamyň syry» kinofilmine tomaşa eden her bir adam Karkaranyň gaýduwsyzlygyna buýsanýar, oňa meňzäsi gelýär.

Şirin owazy bilen kalplara siňen zenan bagşylaryň ilkinjileriniň biri Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurjemal Adyýewa diýsek, ýalňyşmasak gerek. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Artyk obasynda Hanaly aga bilen Aýlar ejäniň maşgalasynda dünýä inen Nurjemal kakasynyň günde-günaşa öýlerine çagyrýan bagşy-sazandalaryny, ýomakçylaryny çaga höwesjeňligi bilen diňlär eken. Hanaly aganyň dutaryň kirişlerine ezberlik bilen erk edişine haýran galyp, barmaklaryny oýnadyp, kirişleri yzarlar eken.

Ogulbaýram REJEPOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar