"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň ykdysady töwekgelçilikler boýunça seljermesi

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). Türkmenistana harytlary iri möçberde import edýän döwletleriň hatarynda BAE-ni, Eýran we Gazagystan döwletlerini görkezmek bolar. Bu ýurtlar milli ykdysadyýetini durnukly ösdürmegiň çäklerinde eksporta gönükdirilen döwrebap önümçilikleri gurmak hem ýola goýmak işlerine möhüm ähmiýet berýärler. Olar, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumyna degişli senagat taslamalaryny üstünlikli amala aşyrýarlar, munuň özi ýerli tebigy baýlyklardan has netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar.

Sanly ykdysadyýet: anyk maksatlar, möhüm wezipeler

Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi dünýä tejribesine laýyklykda sanlylaşdyrmak boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» döwrüň möhüm talaby bolan bu işleri amala aşyrmagyň wajyp çäreleri bellenýär. Konsepsiýada göz öňünde tutulan wezipeleri üç tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilip, onuň birinji tapgyrynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň möhüm esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli kämilleşdirmek, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de web saýtlary döretmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirildi.

Galkynýan ykdysadyýetiň kuwwatly pudaklary

Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, halkymyza edilýän hyzmatlaryň hilini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde halk hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça meselelere ünsi çekip, içerki bazaryň azyk we zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, toplumda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak babatda işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we ähli ulgamlarda innowasiýalar giňden ornaşdyrylýar. Beýleki ulgamlar bilen birlikde, söwda ulgamynyň ösdürilmegine-de uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde köp sanly döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary halkymyza ýokary derejede hyzmat edýär. Olarda hödürlenilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleri barha artýar.

Täzelikler

Türkmenabadyň «Ak pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabriginde lukmançylyk pamygyny we pamyk serişdelerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Fabrigiň önümçiliginde esasy çig mal hökmünde ýurdumyzyň nah ýüplük egriji fabrikleriniň galyndylary ulanylýar. «Ak pamykda» şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda pamygyň 1 müň 636 tonnasy taýýarlanyldy. Şonuň 151 tonnasy lukmançylykda, galan 1 müň 485 tonnasy gaýry maksatlar üçin ulanylmaga niýetlenilen pamykdyr. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 4 million 457 müň 647 manatlyga deň boldy.

Durnukly ösýän ykdysadyýet — halkymyzyň abadançylygynyň kepili

Ylmy çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, bazar düzümleriniň we döwlet gözegçiliginiň netijeli sazlaşygyna, iň täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy», şeýle hem şu ýyl üçin Türkmenistanyň Maýa goýum maksatnamasy ýaly resminamalarda bu maksatlara ýetmek üçin birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Belgiýanyň ýük uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşyny amala aşyrdy

2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda «Challenge Airlines» awiakompaniýasynyň «Boeing 747-400F» kysymly howa gämisi Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Awiakompaniýa Ninbo (Hytaý) — Aşgabat we Aşgabat — Lýež (Belgiýa) ugurlarynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gonup ýük gatnawlaryny amala aşyrýar. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär. «Challenge Airlines» – Lýež şäherinde ýerleşýän Belgiýanyň ýük awiakompaniýasydyr. Kompaniýa Ýewropada, Amerikada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada ýük daşamakda ýöriteleşendir.

Durnukly ösýän ykdysadyýet — halkymyzyň abadançylygynyň kepili

Ylmy çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, bazar düzümleriniň we döwlet gözegçiliginiň netijeli sazlaşygyna, iň täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy», şeýle hem şu ýyl üçin Türkmenistanyň Maýa goýum maksatnamasy ýaly resminamalarda bu maksatlara ýetmek üçin birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Täzelikler

Şu günler welaýat baş bilim müdirliginiň çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleriniň arasynda yglan eden «Başarjaň eller» bäsleşiginiň etrap-şäher tapgyry geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, sungatymyza bolan söýgini artdyrmak, zehinli körpeleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşige çagalar baglarynyň 5-6 ýaşly körpeleri gatnaşdylar. Körpeler çeken suratlaryny, reňkli kagyzlardan ýasan dürli şekillerini bäsleşige hödürlediler. Olaryň çeken suratlarynda tebigat gözellikleri, bagtyýar çagalyk, haýwanat dünýäsi, milli saz gurallarymyz öz beýanyny tapýar. Ýeňiji bolan körpeler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Hytaý ilkinji elektrik konteýner gämisini suwa goýberdi

Hytaýyň «COSCO Shipping Heavy Industry» gämi abatlaýyş kärhanasy 700 sany TEU (Standart konteýnerleriň birlikleri) daşamaga ukyply iki sany elektrik konteýner gämisiniň ilkinjisini suwa goýberdi. Bu barada «Maritime Executive» neşiri ýazýar. Täze gämiler Ýanszy derýasynda ulanylar. Elektrik konteýner gämisiniň gurluşygyna 2022-nji ýylyň dekabrynda başlandy. Gäminiň elektrik üpjünçiligi ulgamynyň hem-de beýleki synaglaryny sentýabryň ahyrynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Gyrgyz Respublikasy multimodal ýük daşamalary boýunça iki ugry ösdürýär

Häzirki wagtda Gyrgyz Respublikasy multimodal ýük daşamalarynda esasy iki ugry ösdürmäge aýratyn üns berýär. Şol ugurlaryň biri Özbegistanyň, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň çäklerinden geçýär. Ýylyň ahyryna çenli Hazar deňzinde alnyp barylýan gazuw işlerini tamamlamak meýilleşdirilýär. Bu ýol gündelik gämi ýük gatnawlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Energetikleriň ynamly gadamlary

Eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini ýokary derejä çykarmak ýaly gaýragoýulmasyz iş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz mynasyp dowamyny tapýar. Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Awaza» döwlet elektrik bekedinde bitirilýän işler hem diňe bir günbatar sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurduň elektrik energiýasyna bolan islegini kanagatlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülip, türkmen ykdysadyýetiniň gudratyny dünýä äşgär eden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün ajaýyp şäheri ýadyňa salýar. Bu jenneti künjekde gurlup ulanmaga berilýän myhmanhanalaryň, dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly ymaratlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şundan ugur alnyp gurlan adybir döwlet elektrik stansiýasy kuwwatly gaz turbinalary we beýleki zerur enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilendir. Şunda her bir turbinanyň özbaşdak ýagdaýda bolmagy bu häzirki zaman desgasynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Ýokary tehnologiki elektron enjamynyň dürs we ygtybarly işlemegine göwnejaý şertleri döretmek maksady bilen, bu ýerdäki önümçilik desgalarynda emeli ýagdaýdaky mikroklimat kadaly saklanylýar. Hut şonuň üçin-de bu beket halkara ülňülere we ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar.

Eksport ugry giňelýär

Özbegistan, Gruziýa, Owganystan... Bu döwletler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümleriniň esasy eksport ugrudyr. Guwandyryjy sanawa şanly ýylda Birleşen Arap Emirlikleri hem goşuldy. Welaýatymyzdaky iri senagat kärhanasynda ýylyň başyndan bäri çig mallaryň 265,3 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenilip, bu baradaky meýilnama 106 göterim berjaý edildi. Şonuň netijesinde dürli kysymly benziniň jemi 108,3 müň tonnadan gowragy öndürildi. Şeýle-de öndürilen önümleriň arasynda dizel ýangyjynyň 65,2 müň tonna golaýy, agyr wakuum gazoýlynyň 16 müň tonna golaýy, ýol bitumynyň 11,4 müň tonna golaýy, mazudyň 1500 tonnasy we beýleki gymmatly önümler bar.

Agzybirlikli zähmetiň miweleri

Türkmenabadyň pagta egriji fabrigi Garaşsyzlyk ýyllarynda gurulan ýeňil senagat kärhanalarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda dabaraly ýagdaýda işe girizilen bu kärhana ilkinji günlerden başlap, öz topragymyzda ýetişdirilýän pagta süýüminden dokma senagatynda giňden peýdalanylýan dürli belgili ýüplükleri öndürip gelýär. Fabrigimiziň hünärmenleri öňlerinde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirip, dokma senagaty kärhanalaryny gerekli önümler bilen üpjün edip gelýärler. Harytlyk önümlerimiziň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary bazarlarda hem geçginli bolmagy bolsa onuň ýokary hillidigine şaýatlyk edýär. Diýmek, «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi bilen çykarylýan ýokary hilli dokma önümleriniň barha artmagynda biziň kärhanamyzyň zähmetkeşler toparynyň hem paýy bar diýip aýtmaga esas bar. Mundan başga-da, biziň fabrigimizden iberilen ýüplüklerden dokalan matadan tikilen eşikleri beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň hem höwes bilen geýýändiklerini göz öňümize getirenimizde bolsa, kalbymyzy buýsanç duýgusy gaplap alýar. Kärhanamyzda oturdylan enjamlardan netijeli peýdalanylmagynyň netijesinde alyjylara ýokary hilli önümler iberilýär. Zähmet gatnaşyklarynyň dogry ýola goýulmagy, ýolbaşçylardan başlap, çylşyrymly enjamlaryň operatorlaryna çenli ähli hünärmenleriň sazlaşykly işlemegi, öňlerinde goýlan wezipeleri dol

Saçaklarymyzda mele-myssyk çörekler

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, halkymyzyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak bilen bagly meseläni ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde kesgitläp, bu ugurda derwaýys işleri durmuşa geçirýär. Döredilýän giň şertleriň netijesinde «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Dostluk galla önümleri kärhanasynda bugdaýy gaýtadan işläp, un, çörek we çörek önümlerini öndürmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu kärhananyň ýerleşdiriş we söwda bölüminiň müdiri, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Atanyýaz Seýidow bilen söhbedimiz ýurtda azyk bolçulygyny döretmekde alnyp barylýan işler we kärhananyň önümçiligi hakynda boldy.

Abatlaýjylaryň derwaýys tagallalary

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan “Marygazçykaryş” müdirliginiň zähmetsöýer gazçylary üstümizdäki — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýokary görkezijiler bilen dabaralandyrýarlar. Müdirligiň işgärleri tebigy gazy çykarmakda, ony senagat taýdan gaýtadan işlemekde uly işleri bitirip, bellenilen meýilnama abraý bilen hötde gelýärler. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady ösüşinde möhüm orny eýeleýän bu iri pudagyň üstünlikli öňe gitmegine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Ady agzalan müdirligiň işiniň ilerlemeginde kärhananyň hyzmat ediş gullugynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýänleriň yhlas-tagallalary hem ýerine düşýär. Müdirligiň mehaniki abatlaýyş sehi hem şolaryň biri bolmak bilen, abatlaýjylar derwaýys tagallalary edýärler. Bu ýerde “Galkynyş”, “Üçajy”, “Ýolguýy”, “Gündogar we Günbatar Şatlyk” we beýlekiler gaz ýataklarynda tebigy gaz çykarmak bilen meşgullanýan düzüm birliklerine zerur hyzmaty ýola goýulýar. Has takygyny aýtsak, sehde mawy ýangyjy çykarmakda, ony gaýtadan işlemekde ulanylýan çylşyrymly enjamlary abatlamak işleri ýerine ýetirilýär. Şol enjamlara zerur bolan dürli görnüşli detallary ýasamakda, bejerişe mätäçlerini ýokary hilli bejermekde sehiň işçileri derwaýys wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmegi başarýarlar.

Hindiguş gidroelektrik stansiýasynyň 110 ýyllygyna

BAÝRY DESGANYŇ ŞANLY SENESI Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň elektroenergetika pudagy depginli ösüş-özgerişleriň menzillerini ynamly külterleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlap, Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän düýpli özgertmeleri bu iri pudagyň önümçilik kuwwatynyň ýokarlanmagyna itergi berýär. Täze tehnologiýaly döwrebap elektrik stansiýalary gurlup, ulanmaga berildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň elektrik energiýasyna barha ösýän islegini doly kanagatlandyrmakdan başga-da, bu gün Türkmenistan döwletimiz elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän döwletleriň birine öwrüldi.

Senagatyň geljegi uly pudagy

Berkarar Watanymyz mineral baýlyklaryň görnüşleri hem-de gorlary babatda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda türkmen topragyndan gazylyp alynýan mineral serişdeleri rejeli, toplumlaýyn we daşky gurşawa howpsuz, has çuň gaýtadan işlemekde belent wezipeler kesgitlenilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulýan anyk işler muny doly görkezýär. Meýilleşdirilýän döwletli tutumlar gidromineral çig mal serişdelerini senagat taýdan özleşdirmek arkaly alynýan mineral duzlaryň dürli görnüşleriniň, ýod we ondan alynýan önümleriň möçberleriniň düýpli ýokarlanmagyny üpjün eder. Milli ykdysadyýetimiziň himiýa senagatynyň önümçiliginde zerur bolan çig mal serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlary babatda welaýatymyza aýratyn orun degişlidir. Welaýatymyzda «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň», ýerasty ýod-bromly suwlaryň, kaliý, natriý duzlarynyň, kükürt hem-de beýleki mineral çig mal serişdeleriniň ummasyz gorlary jemlenip, olary senagat taýdan özleşdirmegiň geljegi uludyr. Şu hakykatdan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz welaýatymyzda tehniki ýody, bromy we brom önümlerini, Esenguly etrabynda ýod önümlerini öndürmek boýunça bellenen çäre

Kuwwatly ykdysadyýetiň berk binýady

Türkmenistanyň ykdysady syýasaty ýurdumyzy innowasion esasda ösdürmäge, güýçli senagat kuwwatyny döretmäge, onuň pudaklaýyn düzümlerini giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman bazar düzümi bar bolan we durnukly ösüş depginini gazanmagy nazarlaýan ykdysadyýeti ýokary hilli, tapgyrlaýyn kemala getirmek bu syýasatyň esasy maksady bolup durýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» döwletimizi ählitaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenip, ykdysady depgini hil taýdan täze derejä çykarmak we onuň ähli pudagynyň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça anyk wezipeler öňde goýuldy. Geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmekde, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmekde strategik ähmiýete eýe bolan Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerinde senagat toplumynyň ähli ulgamyna iri maýa goýumlary çekmegiň hasabyna gazhimiýa, energetika, dokma, senagat we gurluşyk serişdeleri pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sebitleriň ykdysadyýetine innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de işjeňleşdir

Sanly ykdysadyýet: täze mümkinçilikler

XXI asyryň başyndan bäri dowam edýän sanly öwrülişik tutuşlygyna dünýä ykdysadyýetini hem, aýry-aýry ýurtlaryň hojalyklaryny hem çalt depginde özgerdýär. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynyň netijesinde önümçilige we durmuşyň dürli ugurlaryna tehnologik innowasiýalaryň ornaşdyrylyşy çaltlaşyp, olaryň ulanylyşynyň ýaýrawy giňeýär. Bu gezekki tehnologik öwrülişik ozalkylara garanyňda has ýokary tizlikli we giň gerimli bolup, ol jemgyýetiň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarynyň düýpli özgermegine getirýär. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy işewürligiň kämilleşmegine, ýeňilleşmegine, görkezijileriň ýokarlanmagyna güýçli täsir edýän şertleriň biridir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem ýurdumyzyň dünýäde öňdebaryjy orunlara çykmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. «Sanly ykdysadyýet» diýen düşünje häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we işewürlik dünýäsinde giňden ara alnyp maslahatlaşylýan mowzuklaryň biridir. Öňdebaryjy ýurtlaryň we meşhur kompaniýalaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, şol sanda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ykdysadyýete ornaşdyrmagyň hasabyna uly öňegidişlikleri gazanmaklary munuň esasy sebäbi bolsa gerek. Bilermenler tarapyndan «maglumatlar jemgyýeti» diýlip atlandyrylýan häzirki döwürde ykdysadyýetde önümçilige gara

Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi — döwrüň möhüm talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli işlemegini, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag çatrygy hökmünde derejesiniň pugtalanmagyny şertlendirýär. Bu ugurdaky, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlykda işjeň orun eýelemek bilen, Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär hem-de sebit, yklymüsti derejedäki köpşahaly bitewi ulag düzüminiň kemala getirilmegine goşant goşýar. Türkmen tarapynyň başlangyçlary boýunça birnäçe Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň BMG we onuň iri ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň beýanydyr. Şolaryň hatarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde kabul edilen Kararnama laýyklykda, 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegini görkezmek bolar. Bu senäniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň D