Abatlaýjylaryň derwaýys tagallalary

9 Awgust 2023
298

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan “Marygazçykaryş” müdirliginiň zähmetsöýer gazçylary üstümizdäki — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýokary görkezijiler bilen dabaralandyrýarlar. Müdirligiň işgärleri tebigy gazy çykarmakda, ony senagat taýdan gaýtadan işlemekde uly işleri bitirip, bellenilen meýilnama abraý bilen hötde gelýärler. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady ösüşinde möhüm orny eýeleýän bu iri pudagyň üstünlikli öňe gitmegine saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Ady agzalan müdirligiň işiniň ilerlemeginde kärhananyň hyzmat ediş gullugynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýänleriň yhlas-tagallalary hem ýerine düşýär. Müdirligiň mehaniki abatlaýyş sehi hem şolaryň biri bolmak bilen, abatlaýjylar derwaýys tagallalary edýärler. Bu ýerde “Galkynyş”, “Üçajy”, “Ýolguýy”, “Gündogar we Günbatar Şatlyk” we beýlekiler gaz ýataklarynda tebigy gaz çykarmak bilen meşgullanýan düzüm birliklerine zerur hyzmaty ýola goýulýar. Has takygyny aýtsak, sehde mawy ýangyjy çykarmakda, ony gaýtadan işlemekde ulanylýan çylşyrymly enjamlary abatlamak işleri ýerine ýetirilýär. Şol enjamlara zerur bolan dürli görnüşli detallary ýasamakda, bejerişe mätäçlerini ýokary hilli bejermekde sehiň işçileri derwaýys wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmegi başarýarlar.