Çäjiňize bereket, edermen gallaçy daýhanlar!

31 Maý 2023
414

Ertir biziň welaýatymyzyň gallaçylary hem şu ýylyň 26-njy maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Arkadagly Serdarymyzyň «Çäjiňize bereket, edermen gallaçy daýhanlar!» diýip aýdan sözlerinden ruhlanyp, oraga başlaýarlar. Mälim bolşy ýaly, şu mejlisde hormatly Prezidentimiz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ýetişdirildi. Ýurdumyzda azyklyk bugdaýyň bolçulygyny döretmekde bereketli Lebabyň edermen gallaçylary ýylyň-ýylyna gowy netijeleri gazanýarlar. Her ýyl olaryň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ekinlere garaşygy ýola goýuşlaryny, yhlas bilen zähmet çekişlerini synlap, öňde goýan maksatlaryna abraý bilen ýetýändiklerini görýäris. Nesip bolsa, bu ýyl hem şol ýeňişleriň sanawyny dowam eder. Uly iliň soltany hasaplanylýan bugdaýyň dürli görnüşli tohumlaryndan ýygnaljak hasyl ilatyň ýokary hilli çörek we çörek önümleri bilen üpjünçiliginiň berkden döredilendigini habar berýär. Bu bolçulygyň esasynda milletimiziň çörege bolan mukaddes garaýyşlarynyň, çörek bilen baglanyşykly däp-dessurlarynyň, yrymlarynyň durýandygyna aýratyn üns çekesimiz gelýär. Çörek mukaddesligi bilen baglanyşykly ata-babalarymyzdan gaýdýan özboluşly, üýtgeşik bir ýörelge durmuş bilen şeýle bir çuňňur baglanyşdyrylypdyr welin, haýran galaýmaly, ol durmuşymyzdaky gowulyklaryň ählisini, biziň özümizi, arzuwlarymyzy, pikirlerimizi il-ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine, maşgala abadançylygyna tarap gönükdirýär. Ynha, şonuň üçin hem durmuş bize ähli rowaçlyklary bagyşlaýar. Ynha, şonuň üçin hem mukaddes ýörelgeden ugur alýan däp-dessurlar şu ýyl hem geçen ýyllarda bolşy ýaly, Türkmenabat şäherindäki «Gallaönümleri» kärhanasynda, daýhan birleşiklerinde geçirilen çärelerde, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan sergilerde hem özboluşly beýanyny tapdy. Ertir bolsa bu gadymy hem-de täze röwüşde baýlaşdyrylan asylly däp-dessurlarymyz welaýatymyz boýunça oraga başlangyç berilýän Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanlarynda ýene-de dowam etdiriler.

Ilmyrat DÖWLETOW.