Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň ykdysady töwekgelçilikler boýunça seljermesi

13 Awgust 2023
339

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda).

Türkmenistana harytlary iri möçberde import edýän döwletleriň hatarynda BAE-ni, Eýran we Gazagystan döwletlerini görkezmek bolar. Bu ýurtlar milli ykdysadyýetini durnukly ösdürmegiň çäklerinde eksporta gönükdirilen döwrebap önümçilikleri gurmak hem ýola goýmak işlerine möhüm ähmiýet berýärler. Olar, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumyna degişli senagat taslamalaryny üstünlikli amala aşyrýarlar, munuň özi ýerli tebigy baýlyklardan has netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar.

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.