Senagatyň geljegi uly pudagy

9 Awgust 2023
365

Berkarar Watanymyz mineral baýlyklaryň görnüşleri hem-de gorlary babatda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda türkmen topragyndan gazylyp alynýan mineral serişdeleri rejeli, toplumlaýyn we daşky gurşawa howpsuz, has çuň gaýtadan işlemekde belent wezipeler kesgitlenilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulýan anyk işler muny doly görkezýär. Meýilleşdirilýän döwletli tutumlar gidromineral çig mal serişdelerini senagat taýdan özleşdirmek arkaly alynýan mineral duzlaryň dürli görnüşleriniň, ýod we ondan alynýan önümleriň möçberleriniň düýpli ýokarlanmagyny üpjün eder.

Milli ykdysadyýetimiziň himiýa senagatynyň önümçiliginde zerur bolan çig mal serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlary babatda welaýatymyza aýratyn orun degişlidir. Welaýatymyzda «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň», ýerasty ýod-bromly suwlaryň, kaliý, natriý duzlarynyň, kükürt hem-de beýleki mineral çig mal serişdeleriniň ummasyz gorlary jemlenip, olary senagat taýdan özleşdirmegiň geljegi uludyr. Şu hakykatdan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz welaýatymyzda tehniki ýody, bromy we brom önümlerini, Esenguly etrabynda ýod önümlerini öndürmek boýunça bellenen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde anyk wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň Garabogazköl aýlagynyň baý mineral serişdelerini giňden ulanmak üçin maýa goýum serişdelerini çekmegiň wajypdygy, «Guwlyduz» kärhanasyny doly täzeden gurmak, himiýa pudagynda öndürilýän önümleri ýerlemegiň ygtybarly bazarlaryny tapmak babatda aýdanlary hem senagat pudagynyň bu ugruna uly geljegiň garaşýandygyny doly tassyklaýar.

Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».