Galkynýan ykdysadyýetiň kuwwatly pudaklary

11 Awgust 2023
507

Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, halkymyza edilýän hyzmatlaryň hilini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde halk hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça meselelere ünsi çekip, içerki bazaryň azyk we zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, toplumda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak babatda işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we ähli ulgamlarda innowasiýalar giňden ornaşdyrylýar. Beýleki ulgamlar bilen birlikde, söwda ulgamynyň ösdürilmegine-de uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde köp sanly döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary halkymyza ýokary derejede hyzmat edýär. Olarda hödürlenilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleri barha artýar.

«Watan».