Täzelikler

11 Awgust 2023
387

Türkmenabadyň «Ak pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabriginde lukmançylyk pamygyny we pamyk serişdelerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Fabrigiň önümçiliginde esasy çig mal hökmünde ýurdumyzyň nah ýüplük egriji fabrikleriniň galyndylary ulanylýar.

«Ak pamykda» şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda pamygyň 1 müň 636 tonnasy taýýarlanyldy. Şonuň 151 tonnasy lukmançylykda, galan 1 müň 485 tonnasy gaýry maksatlar üçin ulanylmaga niýetlenilen pamykdyr. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 4 million 457 müň 647 manatlyga deň boldy.