Energetikleriň ynamly gadamlary

10 Awgust 2023
372

Eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini ýokary derejä çykarmak ýaly gaýragoýulmasyz iş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz mynasyp dowamyny tapýar. Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Awaza» döwlet elektrik bekedinde bitirilýän işler hem diňe bir günbatar sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurduň elektrik energiýasyna bolan islegini kanagatlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülip, türkmen ykdysadyýetiniň gudratyny dünýä äşgär eden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün ajaýyp şäheri ýadyňa salýar. Bu jenneti künjekde gurlup ulanmaga berilýän myhmanhanalaryň, dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly ymaratlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şundan ugur alnyp gurlan adybir döwlet elektrik stansiýasy kuwwatly gaz turbinalary we beýleki zerur enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilendir. Şunda her bir turbinanyň özbaşdak ýagdaýda bolmagy bu häzirki zaman desgasynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Ýokary tehnologiki elektron enjamynyň dürs we ygtybarly işlemegine göwnejaý şertleri döretmek maksady bilen, bu ýerdäki önümçilik desgalarynda emeli ýagdaýdaky mikroklimat kadaly saklanylýar. Hut şonuň üçin-de bu beket halkara ülňülere we ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).