"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kuwwatly ykdysadyýete daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek, halkymyzyň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan netijeli işler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem uly üstünliklere beslenýär. Biz muny ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny batly depginlerde ösdürmekde geçen 9 aýyň dowamynda alnyp barlan maksatnamalaryň guwandyryjy netijelerinde hem aýdyň görýäris. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda bellenilişi ýaly, dokuz aýyň dowamynda maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,3  göterime barabar boldy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Dokuz aýyň dowamynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6  göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 111,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Geçginli hem islegli harytlar

Türkmenistan döwletimiz çig mal ugradyjy ýurt bolandygyndan dünýäde iri önüm öndüriji we taýýar önümleri eksport ediji ýurt derejesine ynamly eýeçilik edýär. «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly goýberilýän ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, eksport ugrunda hem möhüm orny eýeleýär. Öz önümleri bilen Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabrigi hem döwrebap kärhanalaryň arasynda aýratyn tapawutlanýar. Ilatynyň aglaba bölegi oba ýerlerinde ýaşaýan ýurdumyzda gurlan fabrikleriň sany bu gün örän köp. Bu bolsa oba ilatynyň iş bilen üpjünçiligini hem gowulandyrýar. Halaç etrabynyň çäginde ilatyň iň gür ýerleriniň birinde gurlan kärhana hem oba ýaşaýjylarynyň uly toparyny iş bilen üpjün etdi. Kärhanada işçileriň 180-den gowragy zähmet çekýär. Olar ýokary hilli senagat önümlerini öndürmekde geçen ýyllarda baý tejribe topladylar. Önümçilikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň üstüniň ýetirilip durulmagy işleri has ýeňilleşdirýär, önümleriň hilini ýokarlandyrýar. Kärhanada nah ýüplükleriň NM-34/1, NM-27/1, NM-20/1, NM-17/1, NM-14/1 ýaly uly islegden peýdalanýan görnüşleriniň bäşisi öndürilýär. Şu ýylyň başyndan bäri bu ýerde 3568 tonna golaý nah ýüplük öndürildi. Munuň özi pul hasabynda 48 million 352 müň manatlyk önümiň öndürilendigini aňladýar. Bu bolsa aýlyk meýilnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilip gelýän

Halkyň nurana geljegi ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysady ösüşe aýratyn üns berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan ösüşler ýurdumyzda durmuş abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär. Milli ykdysadyýetimizde täze önümçilikleri ýola goýmak, düýpli maýa goýumlary çekmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak barada hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda aýratyn nygtap geçdi. Taryhy-syýasy ähmiýetli mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu ugurlar ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny berkitmegiň baş şertidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 2023-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda maýa goýumlaryň umumy möçberinden 66,5 göterimi önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Täze taryhy döwürde oba hojalyk pudagynda täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan önümçilikleri ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň önümçilik pudagyny ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň paýy hem uludyr. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde hem-de önümçilik kuwwatyny artdyrmakda täzeçe çemeleşmeleri, döwrebap strategiýalary

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Gazçylaryň yhlasly tagallalary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatdan gözbaşly giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýurt Baştutanymyzyň tagallalary bilen adam hakdaky alada bilen bagly işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Ilatyň tebigy gazyň bökdençsiz akymy bilen üpjünçiligini gazanmak hem adam hakdaky alada bilen bagly wezipedir.

Hyrydarly önümler

Ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçilmegi, hususy ulgamy ösdürmek maksadyna gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberleriniň durnukly artmagy ylmyň iň täze gazananlaryna we kämil tehnologiýalara daýanýan döwrebap senagat kärhanalarynyň hatarynyň düýpli artmagyna netijeli itergi berýär. Bu bolsa, öz nobatynda, içerki mümkinçilikleri üstünlikli peýdalanmak arkaly daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsleşmäge ukyply önümleri öndürmegi ýola goýmakda ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşyna öwrülýär. Munuň özi hususy ulgamyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmakda amala aşyrylýan özgertmeleriň ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmakda, durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, zähmet bölünişigini kadalaşdyrmakda, ösüş maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan ägirt uly taslamalardyr başlangyçlaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde wajyp ähmiýetlidigini aýratyn nygtaýar. Welaýatymyzyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Senagat plastik» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri bilen tanyş bolanyňda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hususy ulgamyň mynasyp orny baradaky bu aýdanlary dessine ýadyňa düşýär.

Datly mürepbeler we şerbetler

Berkarar döwletimizde ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek hem-de  hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatyny daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen ýylyň tutuş dowamynda yzygiderli üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn nur zamany» hususy kärhanasynyň hünärmenleriniň bitirýän işleri hem döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar.

Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

16-njy oktýabrda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew awtoulag serişdelerini öndürýän «Shaanxi Heavy Duty Automobile Import & Export co., LTD» we «Yutong Bus Co., Ltd.» hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Geçirilen duşuşyklarda, taraplar awtoulag serişdelerini Türkmenistana ibermek boýunça gelejekki hyzmatdaşlyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Bökdençsiz hem ygtybarly

Diýarymyzda ýokary ruhubelentlik bilen amala aşyrylýan özgertmeler öz netijesini berýär. Häzirki wagtda ata Watanymyzyň energiýa howpsuzlygy, sözüň doly manysynda, ygtybarly üpjün edildi. Ykdysadyýetiň ähli ulgamynyň elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjünçiligini ýokary derejä çykarmak ýaly gaýragoýulmasyz işler öz mynasyp dowamatyny tapýar. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Awaza» döwlet elektrik bekedinde şu günler bitirilýän işler diňe bir günbatar sebitiň däl, tutuş ýurduň elektrik energiýasyna islegini kanagatlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Ýeri gelende aýtsak, juda gysga wagtyň dowamynda dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülip, türkmen ykdysadyýetiniň gudratyny açykdan aýdyň äşgär eden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün özbaşdak bir ajaýyp şäheri ýadyňa salýar. Ulanmaga berilýän myhmanhanalaryň, dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly ymaratlaryň sany ýylsaýyn artýar. Elektrik bekedi kuwwatly gaz turbinalarydyr dünýäniň esasy öndürijilerinden getirilen beýleki zerur enjamlar bilen birkemsiz üpjün edildi. Hereket edýän mahalynda her bir turbinanyň özbaşdak ýagdaýda işläp bilmegi bekediň häsiýetli aýratynlygydyr. Ýokary tehnologiýaly elektron enjamlaryň abat saklanmagy we bökdençsiz işlemegi üçin göwnejaý şertleri döretmek maksady bilen, önümçilik desgalarynda emeli ýagdaýdaky mikroklimat kadaly sakla

Sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek babatda wajyp wezipeleri öňde goýýar. Bu Milli maksatnamanyň ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we senagat kärhanalarynyň işini talabalaýyk guramak bilen bagly meseleleri çözmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemek gerek. Häzirki ajaýyp döwrümizde sanly ykdysadyýet ösdürilýär we dürli pudaklarda netijeli işler ýola goýulýar. Sanly ykdysadyýet önümçiligiň, söwda gatnaşyklaryň we beýleki ugurlaryň sanly tehnologiýalara esaslanmagydyr. Şonuň üçin hem häzirki wagtda sanly tehnologiýalara oňat düşünýän ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Sanly ykdysadyýetiň dürli pudaklara oňyn täsir edýändigi, kärhanalar we telekeçiler üçin täze mümkinçilikleri döredýändigi mälimdir.

IRU Türkmenistanyň üstünden geçýän Günorta geçelgäniň mümkinçiliklerine ýokary baha berýär

Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň üstünden geçip, Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirýän Günorta geçelge uly mümkinçilige we ýokary geçirijilige eýedir. Bu barada Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Ženewada Eýranyň gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Mohammad Rezwanifar bilen geçirilen soňky gepleşiklerde aýtdy. Duşuşykda taraplar halkara üpjünçilik zynjyrynda bolup geçen soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar, Eýranyň gündogar bilen günbatary, şeýle hem demirgazyk we günortany birleşdirýän möhüm üstaşyr ýurtdugyny bellediler.

Merkezi Aziýa ýurtlary Eýranyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa uzaýan ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşygy taýýarlaýarlar

Türkmenistanyň ulag we demir ýol pudagynyň wekilleri özleriniň gazagystanly, özbegistanly, eýranly we türkiýeli kärdeşleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikler geçirdiler. Onda Eýranyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa uzaýan ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Özbek tarapynyň başlangyjy bilen guralan maslahatda Hytaý - Gazagystan - Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe - Ýewropa ugry boýunça halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşygyň baglaşylmagy bilen bagly möhüm meselelere maslahatlaşyldy diýip, Özbegistanyň Ulag ministrligi habar berýär.

Öňdebaryjy kärhana

Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Şonuň netijesinde türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmak bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak milli energetika strategiýasynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň ösüşine saldamly goşant goşýan baýry kärhanalaryň biri-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumydyr. Bu toplum öz gözbaşyny 1943-nji ýyldan alyp gaýdýar. Taryh üçin gysga wagtda zawodlar toplumy dünýäde iň bir iri nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň birine öwrüldi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işläp, dürli nebit, nebithimiýa önümlerini öndürmek işlerini alyp barýar. Zawodlar toplumynyň düzümine Kenardaky nebit önümlerini saklaýan we ugradýan kärhana, beýleki düzümleýin kärhanalar, nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän desgalaryň birnäçesi hem-de nebiti ikinji gezek gaýtadan işleýän desgalar girýär. ELDAD-HT, katalitiki kreking we riforming, dizel ýangyjyny gidroarassalaýjy, olefinleri alkilirleýji hem-de ýeňil benzini izomerleýji, polipropilen örtügini öndüriji, bitumy, umumy nebit koksy, gyzdyrylan nebit koksy öndüriji desgalar, çalgy ýaglary öndüriji seh, polipropilendir polipropilen haltalary öndüriji seh kärhananyň esasy tehnologik ulgamy bolup durýar. Infrastruktura desgalary bolan elektrik toguny öndüri

Durnukly ösýän ykdysadyýet – halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň baş ugry bolan ykdysady ulgamdaky döwlet strategiýasy ylmy çemeleşmä, hojalygy başarjaňlyk bilen ýöretmäge, çaklamaga hem-de meýilnamalaşdyrmaga esaslanýar.Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy makroykdysady deňagramlylygy saklamaga ýardam berýär. Ýurduň ol ýa-da beýleki önümçilik, eksport ýöriteleşmesine garaşlylygyny azaldýar, içerki we daşarky amatsyz şertlerde hem ykdysady howpsuzlygy pugtalandyryp, täze, tehnologik taýdan has çylşyrymly bolan önümleri, şeýle-de importy çalyşýan önümleri öndürmek üçin şertleri döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligine, eksporta gönükdirilen harytlaryň mukdarynyň artdyrylmagyna, elektron senagatyň döredilmegine degişli döwlet maksatnamalary işjeň amala aşyrylýar. Umuman, ähli pudaklara innowasion we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly eksportyň ösüşi ýola goýulýar.

Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň «De­ňiz der­we­ze­si»

Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilýän gözellikler Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle beýik işler milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak, ony dünýäniň iň ösen ykdysady ulgamyna goşmak ýaly anyk esaslarda amala aşyrylýar. Hazaryň türkmen kenary tebigy mümkinçiliklere örän baý bolup, onuň ykdysady taýdan bähbitliligi juda uludyr. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bähbidi üçin şeýle ägirt uly tebigy hem-de ykdysady mümkinçilikleri netijeli ulanmak meselesini çözmäge örän düýpli we toplumlaýyn çemeleşýändigi häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolan hakykatdyr. Mälim bolşy ýaly, mundan bäş ýyl ozal tutuş Merkezi Aziýanyň baş «deňiz derwezesiniň» wezipesini ýerine ýetirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň döwrebap desgalary Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berlipdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň esasy taslamasy «Ýaşyl port» halkara ölçegleri göz öňünde tutulyp amala aşyrylypdyr. Bu halkara ölçegi deňziň we deňiz kenarynyň daşky gurşawyny goramagy, deňiz tebigatyny netijeli ulanmagy, bioköpdürlüligi goramagy maksat edinendir.

Geljegimiziň ygtybarly serişdesi

Ykdysady we durmuş taýdan barha kuwwatlanýan Diýarymyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda Türkmenistan döwletimiziň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan ätiýaçlandyryş işleri kämilleşdirilip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejä ýetirilýär. Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ätiýaçlandyryş bazarynda fiziki we ýuridik şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Bu guramanyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine täsir edip biljek töwekgelçiliklerden goramagy gazanmakdan ybarat bolan wezipeleri ilatymyzyň ätiýaçlandyryş durmuş-ykdysady durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýär. Ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan alnyp barylýan ätiýaçlandyryş şertnamasy köpleriň bähbidine hereket edip, dürli betbagtçylykly hadysalara duçar bolnan halatynda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin maddy taýdan ýardam berýär. Şeýle-de Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ätiýaçlandyryş bazarynda hökmany we meýletin görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş işini amala aşyrýar.

Gruziýanyň awiakompaniýasynyň ýük uçary Türkmenabadyň howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy

13-nji oktýabrda iki ýurduň ilçihanalarynyň ýakyndan ýardam bermeginde, Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň howa gämisi Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Bu barada HHM habar berdi. Bu awiakompaniýa häzirki wagtda Tbilisi (Gruziýa) —Çžençžou (Hytaý) — Türkmenabat (Türkmenistan) — Saragosa (Spaniýa) — Tbilisi (Gruziýa) ugurlary boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyrýar.

Paromlar arkaly 19 müňden gowrak ýük awtoulagy daşaldy

«Türkmendeňizderýaýollary» tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 119,9% ösüş gazanyldy we 2 287,7 million tonna ýetdi. Umuman degişli döwürde ýük daşamak boýunça Agentligiň meýilnamasy 122,3 % ýerine ýetirildi. 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary boýunça ýük dolanşygy 709,741 mln.tn.km. boldy, bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 121,8% ýokary we ýanwar-sentýabr aýlaryndaky ýük dolanyşyk meýilnamasy 228,0% ýerine ýetirildi.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 65-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, polipropileni hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Portlandsement Owganystanyň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 65 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Owganystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Wirjin adalaryndan we Türkiýeden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, portlandsementi satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 12 million 36 müň 135 amerikan dollaryna deň boldy.

Hytaýyň dokma önümleriniň satuwy artýar

Hytaýyň Milli statistika býurosynyň hasabatyna laýyklykda, şu ýylyň aprel aýyndan bäri, ýurduň senagat önümçiliginiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,5 göterim ýokarlandy. Şunda dokma önümçiliginiň paýy 0,3 göterime deňdir. 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan häzirki wagta çenli, Hytaýdan 299,13 milliard amerikan dollarlyk dokma önümleri dünýä bazarlaryna ugradyldy. Diňe awgust aýynda ABŞ 4,99, Ýaponiýa 1,61, Gyrgyz Respublikasy 1,23 milliard dollarlyk, Gazagystan 768 million dollarlyk Hytaýyň dokma önümlerini import etdiler. Hytaýyň dokma we egin-eşik senagatynyň dolandyryş edarasy bolan Milli dokma we egin-eşik geňeşiniň 14-nji «bäş ýyllyk meýilnamasyna» laýyklykda, ýurduň dokma we tikinçilik pudagynyň ýyllyk satuwynyň 2025-nji ýyla çenli, 347 milliard amerikan dollary möçberinde bolmagyna garaşylýar. Milli dokma we egin-eşik geňeşiniň (CNTAC) maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda degişli ugurda eksportyň mukdary 323,3 milliard amerikan dollaryna, bölek satuw söwdasy bolsa 672 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,6 göterim ýokarydyr. Has dogrusy, dokma eksporty 2 göterim ýokarlanyp, 148 milliard amerikan dollaryna, egin-eşikleriň eksporty bolsa 3,2 göterim ýokarlanyp, 175 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Şol döwürde uly dokma kärhanalarynyň girdejisi 0,9 göterim ýokarlanyp, 5,26 trillion ýu