IRU Türkmenistanyň üstünden geçýän Günorta geçelgäniň mümkinçiliklerine ýokary baha berýär

17 Oktýabr 2023
455

Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň üstünden geçip, Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirýän Günorta geçelge uly mümkinçilige we ýokary geçirijilige eýedir. Bu barada Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Ženewada Eýranyň gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Mohammad Rezwanifar bilen geçirilen soňky gepleşiklerde aýtdy.

Duşuşykda taraplar halkara üpjünçilik zynjyrynda bolup geçen soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar, Eýranyň gündogar bilen günbatary, şeýle hem demirgazyk we günortany birleşdirýän möhüm üstaşyr ýurtdugyny bellediler.