Geljegimiziň ygtybarly serişdesi

16 Oktýabr 2023
696

Ykdysady we durmuş taýdan barha kuwwatlanýan Diýarymyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda Türkmenistan döwletimiziň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan ätiýaçlandyryş işleri kämilleşdirilip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejä ýetirilýär. Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ätiýaçlandyryş bazarynda fiziki we ýuridik şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Bu guramanyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine täsir edip biljek töwekgelçiliklerden goramagy gazanmakdan ybarat bolan wezipeleri ilatymyzyň ätiýaçlandyryş durmuş-ykdysady durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýär.

Ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan alnyp barylýan ätiýaçlandyryş şertnamasy köpleriň bähbidine hereket edip, dürli betbagtçylykly hadysalara duçar bolnan halatynda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin maddy taýdan ýardam berýär. Şeýle-de Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ätiýaçlandyryş bazarynda hökmany we meýletin görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş işini amala aşyrýar.

Laçyn SÄHETGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň uly iş ýöredijisi, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap halk maslahatynyň başlygy.