Geçginli hem islegli harytlar

18 Oktýabr 2023
327

Türkmenistan döwletimiz çig mal ugradyjy ýurt bolandygyndan dünýäde iri önüm öndüriji we taýýar önümleri eksport ediji ýurt derejesine ynamly eýeçilik edýär. «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly goýberilýän ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, eksport ugrunda hem möhüm orny eýeleýär. Öz önümleri bilen Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabrigi hem döwrebap kärhanalaryň arasynda aýratyn tapawutlanýar.

Ilatynyň aglaba bölegi oba ýerlerinde ýaşaýan ýurdumyzda gurlan fabrikleriň sany bu gün örän köp. Bu bolsa oba ilatynyň iş bilen üpjünçiligini hem gowulandyrýar. Halaç etrabynyň çäginde ilatyň iň gür ýerleriniň birinde gurlan kärhana hem oba ýaşaýjylarynyň uly toparyny iş bilen üpjün etdi. Kärhanada işçileriň 180-den gowragy zähmet çekýär. Olar ýokary hilli senagat önümlerini öndürmekde geçen ýyllarda baý tejribe topladylar. Önümçilikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň üstüniň ýetirilip durulmagy işleri has ýeňilleşdirýär, önümleriň hilini ýokarlandyrýar. Kärhanada nah ýüplükleriň NM-34/1, NM-27/1, NM-20/1, NM-17/1, NM-14/1 ýaly uly islegden peýdalanýan görnüşleriniň bäşisi öndürilýär. Şu ýylyň başyndan bäri bu ýerde 3568 tonna golaý nah ýüplük öndürildi. Munuň özi pul hasabynda 48 million 352 müň manatlyk önümiň öndürilendigini aňladýar. Bu bolsa aýlyk meýilnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilip gelýändigini görkezýär.

Ilmyrat BERDIÝEW.