Öňdebaryjy kärhana

16 Oktýabr 2023
498

Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Şonuň netijesinde türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmak bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak milli energetika strategiýasynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň ösüşine saldamly goşant goşýan baýry kärhanalaryň biri-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumydyr.

Bu toplum öz gözbaşyny 1943-nji ýyldan alyp gaýdýar. Taryh üçin gysga wagtda zawodlar toplumy dünýäde iň bir iri nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň birine öwrüldi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işläp, dürli nebit, nebithimiýa önümlerini öndürmek işlerini alyp barýar. Zawodlar toplumynyň düzümine Kenardaky nebit önümlerini saklaýan we ugradýan kärhana, beýleki düzümleýin kärhanalar, nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän desgalaryň birnäçesi hem-de nebiti ikinji gezek gaýtadan işleýän desgalar girýär. ELDAD-HT, katalitiki kreking we riforming, dizel ýangyjyny gidroarassalaýjy, olefinleri alkilirleýji hem-de ýeňil benzini izomerleýji, polipropilen örtügini öndüriji, bitumy, umumy nebit koksy, gyzdyrylan nebit koksy öndüriji desgalar, çalgy ýaglary öndüriji seh, polipropilendir polipropilen haltalary öndüriji seh kärhananyň esasy tehnologik ulgamy bolup durýar. Infrastruktura desgalary bolan elektrik toguny öndüriji gazturbina desgasy, deňiz suwuny süýjediji desgalar, bug öndüriji, gaýtadan peýdalanylýan suwy sowadyjy, nasos beketleri, rezerwuar parklary, elektropodstansiýalar we beýleki kömekçi desgalar zawodlar toplumynyň tehnologik önüm öndürýän desgalarynyň bökdençsiz işini üpjün edýär.

Serdar ATAÝEW,
«Nebit-gaz».