Durnukly ösýän ykdysadyýet – halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili

16 Oktýabr 2023
710

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň baş ugry bolan ykdysady ulgamdaky döwlet strategiýasy ylmy çemeleşmä, hojalygy başarjaňlyk bilen ýöretmäge, çaklamaga hem-de meýilnamalaşdyrmaga esaslanýar.Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy makroykdysady deňagramlylygy saklamaga ýardam berýär. Ýurduň ol ýa-da beýleki önümçilik, eksport ýöriteleşmesine garaşlylygyny azaldýar, içerki we daşarky amatsyz şertlerde hem ykdysady howpsuzlygy pugtalandyryp, täze, tehnologik taýdan has çylşyrymly bolan önümleri, şeýle-de importy çalyşýan önümleri öndürmek üçin şertleri döredýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligine, eksporta gönükdirilen harytlaryň mukdarynyň artdyrylmagyna, elektron senagatyň döredilmegine degişli döwlet maksatnamalary işjeň amala aşyrylýar. Umuman, ähli pudaklara innowasion we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly eksportyň ösüşi ýola goýulýar.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.