Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

18 Oktýabr 2023
511

Gazçylaryň yhlasly tagallalary

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatdan gözbaşly giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýurt Baştutanymyzyň tagallalary bilen adam hakdaky alada bilen bagly işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Ilatyň tebigy gazyň bökdençsiz akymy bilen üpjünçiligini gazanmak hem adam hakdaky alada bilen bagly wezipedir.