Hyrydarly önümler

18 Oktýabr 2023
447

Ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçilmegi, hususy ulgamy ösdürmek maksadyna gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberleriniň durnukly artmagy ylmyň iň täze gazananlaryna we kämil tehnologiýalara daýanýan döwrebap senagat kärhanalarynyň hatarynyň düýpli artmagyna netijeli itergi berýär. Bu bolsa, öz nobatynda, içerki mümkinçilikleri üstünlikli peýdalanmak arkaly daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsleşmäge ukyply önümleri öndürmegi ýola goýmakda ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşyna öwrülýär. Munuň özi hususy ulgamyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmakda amala aşyrylýan özgertmeleriň ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmakda, durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, zähmet bölünişigini kadalaşdyrmakda, ösüş maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan ägirt uly taslamalardyr başlangyçlaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde wajyp ähmiýetlidigini aýratyn nygtaýar. Welaýatymyzyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Senagat plastik» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri bilen tanyş bolanyňda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hususy ulgamyň mynasyp orny baradaky bu aýdanlary dessine ýadyňa düşýär.

Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».