"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl: Ulag we kommunikasiýa toplumy

2023-nji ýyl milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde ösdürilmegini maksat edinýän ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilen döwri hökmünde Watanymyzyň ýyl ýazgysyna girdi. Ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Täze ýollary gurmak meseleleriniň üstünde işlenilýär, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini kemala getirmek ugrunda işler işjeň alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň köpşahaly we möhüm ähmiýetli howpsuz halkara ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunda döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, syn berilýän ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. 2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirilipdi. Döwletimiziň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzma

«EIB Global» ulag ulgamynyň ösüşi üçin Merkezi Aziýa ýurtlaryna 1,5 milliard ýewro golaý serişde bermegi meýilleşdirýär

Ýewropanyň maýa goýum banky (EIB Global) Brýusselde geçirilen «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» maýadarlar forumynda Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Gazagystanyň Ösüş Banky bilen bilelikde umumy bahasy 1,47 milliard ýewro barabar taslamalary maliýeleşdirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekdi. Ýewropa Bileleşigi ulgamy EIB bilen bilelikde amatly şertlerde maliýeleşdirmek arkaly Merkezi Aziýada ulag pudagynyň täzelenmegine goldaw berer. Maliýeleşdirmegiň 3 milliard ýewrolyk durnukly ulag taslamalaryna umumy goldaw bolmagyna hem-de goşmaça serişdeleri toplamagyna garaşylýar. Şeýlelikde, EIB bu pudak boýunça toplan tejribesini Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlary bilen hem paýlaşar. Ýeri gelende bellesek, bank soňky on ýylda dünýä boýunça 136,5 milliard ýewrolyk ulag taslamalaryny maliýeleşdirdi.

Berkarar döwletimiziň demir ýol ulaglary pudagy durnukly ösüşleri nazarlaýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geçen ýylyň uly üstünliklerinden badalga alan, 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ýylymyzyň ilkinji günlerinden  ýurdumyzy ähli babatda ösdürmek boýunça giň gerimli işlere  aýdyň ýollar açyldy. Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, täze demir ýollary gurlup, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň netijesinde «Türkmendemirýollary» agentliginde alnyp barylýan birnäçe gaýragoýulmasyz işler özüniň oňyn miwesini berýär. Ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak hyzmatlary gün-günden artýar we barha ýokarlanýar. Ýokary tehnologiýalaryň ösen eýýamynda bu pudak hem döwrüň talaplaryna laýyk tehnikalary ornaşdyrmakda we halkymyza hödürlemekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Daşary ýurtlaryň uçarlary Türkmenistanyň howa menzillerine 1,5 müňden gowrak tehniki gonuşlary amala aşyrdylar

Daşary ýurtlaryň awiakompaniýalaryna degişli uçarlar Türkmenistanyp halkara howa menzillerinde tehniki gonuşlaryň 1601 sanysyny, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa 1019 sanysyny amala aşyrdylar. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, «Turkish Airlines», «Сибирские авиалинии», «China Southern», «Flydubai», şeýle hem Lýuksemburgyň «Cargolux» awiakompaniýasynyň ýük uçarlary täjirçilik maksatly we tehniki gonuşlarynda Aşgabadyň halkara howa menziliniň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Türkmen paýtagtyndaky halkara derejeli menzilde 2023-nji ýylda tehniki gonuşlaryň 1088-si, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa 860-sy amala aşyryldy.

“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody MA – ÝB ugry boýunça ýükleri daşamak üçin deňiz gämilerini gurmaga ukyplydyr

“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody MA – ÝB ugry boýunça ýükleri daşamak üçin deňiz gämilerini gurmaga ukyplydyr Şu ýyl gämi gurluşygyna girişen “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody özüniňň hyzmatdaşlary bilen birlikde 14 aýyň dowamynda ilkinji gury ýük gämisini gurup ulanmaga bermegi meýilleşdirýär. Gämileriň ikinji şondan iki aý soň, üçünjisi hem 4 aýdan soň ulanmaga berler. Bu möhletler sebitiň gämigurluşyk pudagynda iň amatly wagtdyr. Sebäbi, adatça deňzi gämisini gurup ulanmaga bermek üçin azyndan 3 ýyl gerek bolýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew Brýussel şäherinde geçirilen “Global Gateway” maýadarlar forumynyň çäklerinde geçirilen “Tiz ýeňişler, uly täsir – Hazarüsti ulag arabaglanyşygy üçin gysga möhletli maýa goýum mümkinçilikleri” atly mejlisde eden çykyşynda mälim etdi.

ÝOLLAR UZAR DOST-DOGANA SARY

Eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ynamly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag diplomatiýasynyň dabaralanyp, dünýä çykýan döwri rowaçlanýar. Şonuň netijesinde bu günki gün ýurdumyzda gurulýan ak, ajap ýollar dost-dogana, yklymlara we sebitlere uzaýar. Gadymy Ýüpek ýolunyň şahasy bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly-da şeýle ýollaryň biridir. Ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrüljek bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” mynasyp ornuny tapan iri taslamalaryň biridir. Uly ynam bilen gadam basan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna eden iş saparynyň çäklerinde bu gatnawly ýoluň Tejen — Mary böleginiň gurluşygynda zähmet çekýän ýol gurujylar bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirmegi, işleriň ýagdaýy, döredilýän mümkinçilikler bilen tanyşmagy bu işi tamamlaýjy tapgyrda alyp barýan işçi-hünärmenleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Öz gezeginde zähmetsöýer ýol gurujylar Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize, şu ýokary tizlikli ýoluň gurluşygyna başlanan gününden bäri gelip, armasyny ýetirip duran Milli Liderimize çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Asyryň iri taslamasy bolan bu ýoluň gurluşygynda zä

Ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Türkmenistan milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasyny», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny» we söwda, ykdysadyýet hem-de maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan çäreleri hem-de taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn halkara şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar.

Zemin ýüreginden çogýan bir mukam

Eziz Watanymyzyň günbatar künjegi bolan welaýatymyzyň Esenguly etraby ýerasty baýlyklara baý mekanlaryň biridir. Bu etrap ýurdumyzda ýer astyndan çogup çykýan, tebigatyň täsin gudraty bolan palçykly wulkanlaryň hem iň köp duş gelýän ýerleriniň biri hasaplanylýar. Etrabyň çäginde ýerleşýän Akpatlawuk, Gökpatlawuk, Çekişler, Gaýnagdepe, Keýmir, Tüýnükli, Porsy ýaly köp sanly palçykly wulkanlar muňa mysal bolup biler (Hazar deňziniň kenaryndaky wulkanlaryň ýerden atylyp (patlap) çykmagyna ýerli gepleşikde «patlawuk» diýlipdir).  Häzirki döwürde etrapda bar bolan nebitgaz känleriniň köpüsiniň atlarynyň palçykly wulkanlar bilen baglanyşykly bolmaklygy hem tötänden däldir. Sebäbi olar zemin jümmüşindäki nebitiň we gazyň güýçli basyşy esasynda döräp, ýerasty baýlyklaryň alamaty bolup durýarlar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynyň «Palçykly patlawuklar» atly bölüminde: «Patlawuk palçyklarynyň ýene-de bir aýratynlygyny bellemek gerek. Olar nebiti we gazy gözlemekde geologlar üçin özboluşly çelgi bolup hyzmat edýärler. Tebigy baýlyklaryň gelip çykyşy hakyndaky maglumatlar ol baýlyklaryň ýeriň çuňňur jümmüşinde ýerleşýändigine şaýatlyk edýärler. Palçykly patlawuklaryň ýüze çykan ýerinde hökman «gara altynyň» ýa-da «mawy ýangyjyň» gorlary bardyr ýa-da ozal bolandyr» diýlip bellenilýär.

Ýokary netijeler bilen

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly möhüm ähmiýete eýe boldy. Gazanylan üstünlige welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň başarjaň işgärleri saldamly goşant goşdular. Geçen ýylda welaýatymyzda senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlarda 24 milliard 229,8 million manatlygy öndürildi. Şonça önümiň 6 milliard 572,9 million manatlygy döwlete dahylly kärhanalara degişli boldy. Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň hasabyna döredi. Tamamlanan ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende, önümleriň möçberiniň artyş depgini ýangyç-energetika pudagynda, azyk senagatynda emele geldi.

Maksat — ýene-de öňe gitmek

Türkmenabat şäheriniň 6-njy gurluşyk materiallary etrapçasynyň 4-nji kwartalynyň çäginde polisiýa işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna işjeň gatnaşdyk. Bu ýerdäki kottej jaýlaryň 11-sini biziň gurluşykçylarymyz bina etdiler. Polisiýa işgärleri biziň işimizden hoşal boldular. Gurluşygyň dowamynda tejribeli binagär Jemşit Abdyreşidowyň ýolbaşçylygyndaky topar tutanýerli zähmet çekdi. Netijede bir ýyl wagta hem ýetirmän, bize tabşyrylan jaýlaryň gurluşygyny üstünlikli tamamladyk. Gurluşykda öz ýerli çig mallarymyzdan ýerlikli peýdalandyk. Jaýlar dabaraly ýagdaýda tabşyrylan mahalynda biz — gurluşykçylar hem öý eýeleri bilen deň hatarda begendik, olaryň şatlyklaryny paýlaşdyk. Öz işimiziň netijelerine ildeşlerimiziň begenişlerini görüp, işimiziň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli biri-birimizi buýsanç bilen gutladyk.

Brýusseldäki Maýadarlar forumynda Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde şu ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumynyň çäginde Türkmenistanyň ulag pudagyna we onuň mümkinçiliklerine bagyşlanan ýörite mejlis geçirildi. Mejlisiň dowamynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Bekmyrat Işangulyýew, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň baş direktory Merdan Bäşimow, şeýle hem Ýewropa Hoşniýetli goňşuçylyk geňeşiniň dolandyryjy direktory (ENC) Samuel Westerbaý, Ýewropa Komissiýasynyň Ulag boýunça halkara hyzmatdaşlygy direktoratynyň Baş direktory, “Hors Classe-niň” geňeşçisi Henrik Hololeý, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktory Sýuzanna Hargitaý, “Royal IHC” kompaniýasynyň satuw boýunça direktory Hans Hesen we “Cargolux” ýük awiakompaniýasynyň hökümet we senagat gatnaşyklary boýunça uly dolandyryjysy Patrik Žann çykyş etdiler.

Ýokary tizlikli elektrik otlusy paýtagtymyzy Arkadag şäheri bilen birleşdirer

Türkmenistanda ilkinji elektrik otly Arkadag şäherini we Aşgabat şäherini birleşdirer. Şeýlelikde, bir nokatdan beýlekisine bary-ýogy 18 minutda baryp bolar. Bellenilişi ýaly, bu taslama barada şu günler Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary S.Pawlowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradowyň arasynda geçirlen gepleşiklerde bellenildi. Duşuşykda taraplar Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Gyzylarbatdaky awtoulag abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek we ýeke-täk logistika operatory döretmek meselesi boýunça piker alyşdylar. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin, Russiýanyň demirýol edarasynyň Türkmenistanda wekilhanasyny açmak we Russiýanyň Demirýollary korporatiw uniwersitetinde türkmen demirýol işgärlerini taýýarlamak meselesine garadylar.

Sanly ulgam — döwrebap ösüşiň şerti

Adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň häzirki tapgyrynda ylmyň we tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi ähli ugurlardaky özgerişleriň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülip, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirýär, dürli gurşawlarda täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly ulgama geçişiň işjeňleşýän döwründe islendik ýurduň ykdysady ösüşi, senagatyň, hyzmatlar, söwda, işewürlik we beýleki ulgamlaryň ilerlemegi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Ýurdumyzda hem bu ugra uly ähmiýet berlip, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak boýunça geljegi uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Bu günki gün dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde sanly ulgama geçmek ileri tutulýar. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin bu biziň ýurdumyzda-da şeýle bolmalydyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Ol biziň bu ugurda milli derejede amala aşyrýan işlerimiziň hukuk binýadyny emele getirýär» diýip nygtamak bilen, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy maksatlaryna ünsi çekýär.

Önüm­çi­li­giň kuw­wa­ty art­ýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda himiýa senagatyny ösdürmekde we önümçiligiň çäklerinde oba hojalyk pudagyny çig mal, mineral dökünler bilen üpjün etmekde netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gojaman Hazaryň tebigy çig mala baý bolan Garabogaz aýlagynyň golaýynda gurlup, ulanylmaga berlen «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Garabogazkarbamid» zawodynda öndürilýän önümler diňe bir Diýarymyzyň däl, eýsem, dünýä döwletleriniň onlarçasynyň isleg bildirýän karbamid önümleri hökmünde bellenip, hil taýdan ýokary görkezijilere eýe bolýar.

Döwrebap bank hyzmatlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilip, bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Raýatlarymyza täze bank hyzmatlary elýeterli edilip, ylmyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň täze görnüşleri döredilýär. Şonuň bilen baglylykda karz bazarynyň gerimi giňeldilýär. Bu bolsa nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Banklar şahsy we edara görnüşli taraplara, şol sanda hususy telekeçilere dürli görnüşli hyzmatlaryny hödürleýärler. Olara mysal hökmünde ilata hasaplaşyk, goýum hasaplarynyň açylmagyny, hasaplar boýunça pul geçirimleriniň amala aşyrylmagyny, pul serişdeleriniň saklanylmagyny, pul serişdeler boýunça müşderilere we ynanylan wekiline degişli tassyknamalaryň berilmegini, töleg tabşyryklary, çekler, inkasso, akkreditiw, bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl üsti bilen daşary ýurtlara nagt däl görnüşinde tölegleriň geçirilmegini we kabul edilmegini, «Altyn asyr» bank karty arkaly ýerine ýetirilýän amallary, hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini görkezmek bolar. Ilata ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürlemek hem-de bank işjeňligini gazanmak maksady bilen, bank hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bank ugry boýunça hünärmenler tarapyn

Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýokarlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini köpeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak ýaly wajyp wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň, berýän goldawlarynyň esasynda önümçilik depginlerini barha ýokarlandyrýan şeýle düzümleriň biri-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodydyr. Pudagyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan bu zawodyň durky 2015-nji ýylda täzelenip, oňa häzirki zaman innowasion tehnologiýalary ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde, önümçilik mukdar hem hil taýdan has ýokary derejelere çykdy. Häzirki wagtda bu ýerde binalaryň daşky we içki diwarlary üçin niýetlenen beton önümler, bassyrmalar, aýnalardyr gapylar üçin niýetlenen beton birikdirijiler, ekologik taýdan arassa, howpsuz demirbeton önümleri öndürilýär.

Guwandyryjy netijeler, jogapkärli wezipeler

Her ýylyň başynda tamamlanan ýylyň netijelerini seljermek, täze wezipeleri kesgitlemek asylly ýörelgeleriň biridir. Şeýle çemeleşmäniň netijesinde gazanylan önümçilik görkezijilerine takyk baha berilýär, işleri ýene ilerletmek üçin goşmaça mümkinçilikler ýüze çykarylýar, geljegiň möhüm wezipeleri kesgitlenilýär. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginde geçen ýylda gazanylanlary has berkitmek, ösüşleriň täze belentliklerini eýelemek maksat edinilýär. — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda müdirligimiz boýunça tebigy gaz öndürmek baradaky meýilnama 110,5 göterim berjaý edildi. Esasy önüm bilen birlikde, gaz kondensatyny öndürmek baradaky ýyllyk meýilnama hem üstünlikli berjaý edildi — diýip, müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow guwanç bilen habar berýär.

Zähmet gadamy batlanýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz käninden tebigy gazyň çykarylmagynda, şu ýerdäki «mawy ýangyjyň» düzümindäki kükürtden arassalaýan baş desgalarda häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýaly enjamlary arkaly arassalanylyp, sarp edijilere ugradylmagynda tehniki hem-de durmuş taýdan hyzmat edýän edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň mynasyp hyzmaty bar. «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumynyň hünärmenleridir işçileriniň zähmeti hem şunuň bir mysalydyr. Müdirligiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň bu kuwwatly kärhanasy Hytaý Halk Respublikasynyň nebitgaz korporasiýasynyň hem-de türkmen hünärmenleri tarapyndan bilelikde gurlup, 2012-nji ýylda önümçilige girizildi. Bu kärhana gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň edara-kärhanalaryny arassa suw bilen üznüksiz üpjün edýär.

Täze gözýetimleri nazarlaýan gidrogeologlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzybir agzalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek bilen, 2024-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişdiler. Öz ugry boýunça welaýatda ýeke-täk zähmet köpçüligi bolan ekspedisiýanyň işçi-hünärmenleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar geçen ýylyň özleri üçin üstünliklere beslenen ýyllaryň biri bolandygyny aýdýarlar. Olaryň gürrüňlerine görä, ekspedisiýanyň işjeň agzalarynyň birleşen tagallalary netijesinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan 2023-nji ýyl üçin tassyklanan geologiýa-gözleg işleriniň meýilnamasyna laýyklykda, demirgazyk welaýatyň giňişliklerinde ýerasty suw ýataklarynyň barlaglaryny, ýerasty suwlaryň düzgünini we mukdaryny öwrenmek maksady bilen, geologiýa gözleg işleriniň dürli görnüşdäki önümçiligini, mehaniki sütünleýin-burawlaýyş, guýularda geofiziki barlaglary, meýdan işleriniň netijesinde alnan geologiýa-geofiziki maglumatlary işläp taýýarlamak, gidrogeologik, inžener-geologik we geoekologik surat alma, welaýatyň gidrogeologik gurluşy we ýerasty suwlaryň gorlary baradaky hasaplamalary hem-de olary resmileşdirmek, hasabyny ýöretmek ýaly wajyp wezipeler üstünlikli amal edilipdir. Aýratyn hem geçen ýylyň dowamynda welaýatyň çäklerinde ýerasty süýji suw gorlarynyň gözleg-barlag işlerini hem-de düzgün gözegçiligini, şeýle-de 1:50000 we 1:20000

Halkyň durmuş goraglylygy üpjün edilýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmegi, durmuş-ykdysady ulgamda gazanylýan ösüşler beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletini guran halkymyzyň ýagty geljege ynamly barýandygynyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy maksatlary syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we medeni ulgamlarda belent sepgitlere ýetmekden ybaratdyr. Şeýle belent maksatlara ýetmek üçin uzak möhletleýin döwri nazarlaýan «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we ýakyn geljegiň meýillerini öz içine alýan beýleki maksatnamalarda wajyp wezipeler kesgitlenilýär. Döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy, jemgyýetimiziň kämilleşmegi, halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy şol wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine baglydyr.