Maksat — ýene-de öňe gitmek

31 Ýanwar 2024
399

Türkmenabat şäheriniň 6-njy gurluşyk materiallary etrapçasynyň 4-nji kwartalynyň çäginde polisiýa işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna işjeň gatnaşdyk. Bu ýerdäki kottej jaýlaryň 11-sini biziň gurluşykçylarymyz bina etdiler. Polisiýa işgärleri biziň işimizden hoşal boldular. Gurluşygyň dowamynda tejribeli binagär Jemşit Abdyreşidowyň ýolbaşçylygyndaky topar tutanýerli zähmet çekdi. Netijede bir ýyl wagta hem ýetirmän, bize tabşyrylan jaýlaryň gurluşygyny üstünlikli tamamladyk. Gurluşykda öz ýerli çig mallarymyzdan ýerlikli peýdalandyk. Jaýlar dabaraly ýagdaýda tabşyrylan mahalynda biz — gurluşykçylar hem öý eýeleri bilen deň hatarda begendik, olaryň şatlyklaryny paýlaşdyk. Öz işimiziň netijelerine ildeşlerimiziň begenişlerini görüp, işimiziň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli biri-birimizi buýsanç bilen gutladyk.

Beýleki habarlar