Brýusseldäki Maýadarlar forumynda Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri tanyşdyryldy

31 Ýanwar 2024
381

Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde şu ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumynyň çäginde Türkmenistanyň ulag pudagyna we onuň mümkinçiliklerine bagyşlanan ýörite mejlis geçirildi.

Mejlisiň dowamynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Bekmyrat Işangulyýew, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň baş direktory Merdan Bäşimow, şeýle hem Ýewropa Hoşniýetli goňşuçylyk geňeşiniň dolandyryjy direktory (ENC) Samuel Westerbaý, Ýewropa Komissiýasynyň Ulag boýunça halkara hyzmatdaşlygy direktoratynyň Baş direktory, “Hors Classe-niň” geňeşçisi Henrik Hololeý, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktory Sýuzanna Hargitaý, “Royal IHC” kompaniýasynyň satuw boýunça direktory Hans Hesen we “Cargolux” ýük awiakompaniýasynyň hökümet we senagat gatnaşyklary boýunça uly dolandyryjysy Patrik Žann çykyş etdiler.

Beýleki habarlar