Guwandyryjy netijeler, jogapkärli wezipeler

29 Ýanwar 2024
538

Her ýylyň başynda tamamlanan ýylyň netijelerini seljermek, täze wezipeleri kesgitlemek asylly ýörelgeleriň biridir. Şeýle çemeleşmäniň netijesinde gazanylan önümçilik görkezijilerine takyk baha berilýär, işleri ýene ilerletmek üçin goşmaça mümkinçilikler ýüze çykarylýar, geljegiň möhüm wezipeleri kesgitlenilýär. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginde geçen ýylda gazanylanlary has berkitmek, ösüşleriň täze belentliklerini eýelemek maksat edinilýär.

— Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda müdirligimiz boýunça tebigy gaz öndürmek baradaky meýilnama 110,5 göterim berjaý edildi. Esasy önüm bilen birlikde, gaz kondensatyny öndürmek baradaky ýyllyk meýilnama hem üstünlikli berjaý edildi — diýip, müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow guwanç bilen habar berýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar