«EIB Global» ulag ulgamynyň ösüşi üçin Merkezi Aziýa ýurtlaryna 1,5 milliard ýewro golaý serişde bermegi meýilleşdirýär

2 Fewral 2024
310

Ýewropanyň maýa goýum banky (EIB Global) Brýusselde geçirilen «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» maýadarlar forumynda Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Gazagystanyň Ösüş Banky bilen bilelikde umumy bahasy 1,47 milliard ýewro barabar taslamalary maliýeleşdirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekdi.

Ýewropa Bileleşigi ulgamy EIB bilen bilelikde amatly şertlerde maliýeleşdirmek arkaly Merkezi Aziýada ulag pudagynyň täzelenmegine goldaw berer. Maliýeleşdirmegiň 3 milliard ýewrolyk durnukly ulag taslamalaryna umumy goldaw bolmagyna hem-de goşmaça serişdeleri toplamagyna garaşylýar. Şeýlelikde, EIB bu pudak boýunça toplan tejribesini Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlary bilen hem paýlaşar. Ýeri gelende bellesek, bank soňky on ýylda dünýä boýunça 136,5 milliard ýewrolyk ulag taslamalaryny maliýeleşdirdi.

Beýleki habarlar