Zemin ýüreginden çogýan bir mukam

31 Ýanwar 2024
521

Eziz Watanymyzyň günbatar künjegi bolan welaýatymyzyň Esenguly etraby ýerasty baýlyklara baý mekanlaryň biridir. Bu etrap ýurdumyzda ýer astyndan çogup çykýan, tebigatyň täsin gudraty bolan palçykly wulkanlaryň hem iň köp duş gelýän ýerleriniň biri hasaplanylýar. Etrabyň çäginde ýerleşýän Akpatlawuk, Gökpatlawuk, Çekişler, Gaýnagdepe, Keýmir, Tüýnükli, Porsy ýaly köp sanly palçykly wulkanlar muňa mysal bolup biler (Hazar deňziniň kenaryndaky wulkanlaryň ýerden atylyp (patlap) çykmagyna ýerli gepleşikde «patlawuk» diýlipdir). 

Häzirki döwürde etrapda bar bolan nebitgaz känleriniň köpüsiniň atlarynyň palçykly wulkanlar bilen baglanyşykly bolmaklygy hem tötänden däldir. Sebäbi olar zemin jümmüşindäki nebitiň we gazyň güýçli basyşy esasynda döräp, ýerasty baýlyklaryň alamaty bolup durýarlar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynyň «Palçykly patlawuklar» atly bölüminde: «Patlawuk palçyklarynyň ýene-de bir aýratynlygyny bellemek gerek. Olar nebiti we gazy gözlemekde geologlar üçin özboluşly çelgi bolup hyzmat edýärler. Tebigy baýlyklaryň gelip çykyşy hakyndaky maglumatlar ol baýlyklaryň ýeriň çuňňur jümmüşinde ýerleşýändigine şaýatlyk edýärler. Palçykly patlawuklaryň ýüze çykan ýerinde hökman «gara altynyň» ýa-da «mawy ýangyjyň» gorlary bardyr ýa-da ozal bolandyr» diýlip bellenilýär.

Repbimberdi Sapardurdyýew,
Esenguly etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar