Zähmet gadamy batlanýar

29 Ýanwar 2024
513

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz käninden tebigy gazyň çykarylmagynda, şu ýerdäki «mawy ýangyjyň» düzümindäki kükürtden arassalaýan baş desgalarda häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýaly enjamlary arkaly arassalanylyp, sarp edijilere ugradylmagynda tehniki hem-de durmuş taýdan hyzmat edýän edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň mynasyp hyzmaty bar. «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumynyň hünärmenleridir işçileriniň zähmeti hem şunuň bir mysalydyr.

Müdirligiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň bu kuwwatly kärhanasy Hytaý Halk Respublikasynyň nebitgaz korporasiýasynyň hem-de türkmen hünärmenleri tarapyndan bilelikde gurlup, 2012-nji ýylda önümçilige girizildi. Bu kärhana gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň edara-kärhanalaryny arassa suw bilen üznüksiz üpjün edýär.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar