Berkarar döwletimiziň demir ýol ulaglary pudagy durnukly ösüşleri nazarlaýar

1 Fewral 2024
344

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geçen ýylyň uly üstünliklerinden badalga alan, 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ýylymyzyň ilkinji günlerinden  ýurdumyzy ähli babatda ösdürmek boýunça giň gerimli işlere  aýdyň ýollar açyldy. Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, täze demir ýollary gurlup, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň netijesinde «Türkmendemirýollary» agentliginde alnyp barylýan birnäçe gaýragoýulmasyz işler özüniň oňyn miwesini berýär. Ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak hyzmatlary gün-günden artýar we barha ýokarlanýar. Ýokary tehnologiýalaryň ösen eýýamynda bu pudak hem döwrüň talaplaryna laýyk tehnikalary ornaşdyrmakda we halkymyza hödürlemekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Beýleki habarlar