"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

TIF-2024: Aşgabatda 18 şertnama we ähtnama gol çekildi

Şu ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumy uly üstünliklere beslendi. Bu halkara forumyň çäklerinde birnäçe plenar mejlisler, ikiçäk duşuşyklar geçirilip, şolaryň netijesinde Türkmenistanyň döwlet we hususy kärhanalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany şertnama we özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalara gol çekildi. Bu gazanylan ylalaşyklar halk hojalygynyň giň gerimini, hususan-da energetika, dokma önümçiligi, himiýa senagaty, gämi gurluşygy, demirýol enjamlary, ekologiýa we logistika ýaly ugurlary öz içine aldy.

Gyrgyzystanyň poçta ibermeleri Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty arkaly daşalar

Gyrgyzystan poçta ibermelerini daşamakda Hazar deňzindäki Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň logistika toplumyny ulanmak barada Türkmenistan bilen ylalaşdy. Bu barada «Trend» habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, «Kygryz poçtasy» kompaniýasynyň baş direktory Marat Çerikçiýew bilen «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň baş direktory Serdar Owwadowyň arasynda onlaýn duşuşyk geçirilip, onda taraplar uzakmöhletleýin strategiki hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar.

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Düýn türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr.     Ynsanperwerlik ýüki çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Türkmen-owgan serhedinde birnäçe infrastruktura desgalary açyldy

Düýn Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze möhüm sahypa açyldy. Şol günki taryhy ähmiýetli wakalar munuň subutnamasy boldy. Bu wakalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýasy özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak, «Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň Ak ýoly bilen «Serhetabat-Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek, Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem «Türkmenistan- Owganystan-Pakistan» elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary şu günki wakal

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Ynsanperwerlik ýüki çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşdylar

Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän bu forumda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri forumyň plenar mejlisiniň dowamynda sanly ykdysadyýeti yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen onuň düzümine täzeçil usullary, intellektual ulgamlary ornaşdyrmak, olaryň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirip, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna laýyk getirmek babatynda giňişleýin çykyş etdiler.

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Düýn türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Ynsanperwerlik ýüki çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Taryhy wakalara buýsanç

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalaryň her biri Watanymyzy ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy abadançylygy, parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Düýn bolup geçen taryhy wakalar, ýagny ýurdumyzyň günorta künjeginde — Tagtabazar etrabynyň çäginde Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr bolan demir ýol köprüsiniň açylmagy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüniň tutulmagy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygyna, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi mynasybetli guralan dabaralar munuň aýdyň mysalydyr. Bagtyýar ildeşlerimiz bu taryhy wakalar mynasybetli öz ýürek buýsa

Maýa goýum forumy: mümkinçilikler. teklipler. taslamalar

Türkmenistanda giň wekilçilikli işewürlik maslahatlaryny, maýa goýum forumlaryny guramak bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, senagat, maýa goýum mümkinçiliklerini, olardan netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işleriň gerimini açyp görkezmek, hyzmatdaşlara ygtybarly maglumatlary bermek, ykdysady we önümçilik taslamalaryna daşary ýurt maýadarlaryny çekmek meseleleri esasy wezipe hökmünde öňe çykarylýar. Şoňa görä, paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda iki günläp dowam eden maýa goýum forumyna gatnaşyjylar häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri, maýa goýum strategiýasy, ýurdumyzyň senagat-innowasion ösüşine, önümçilik pudagyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň, iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýete geçilmegine gönükdirilen özgertmeler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Düýn öz işini tamamlan forumyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar sanly ulgam arkaly Watanymyzyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazyljak taryhy wakalaryň — Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdylar. Bu desgalar türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny alamatlandyryp, goňşy ýurduň ykdysady taýdan galkynmagyna goşant goşmakda uly ähmiýete eýedir. Şunda Tür

Innowasiýalar — ykdysadyýetiň möhüm ugry

Düýn Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek maksady bilen guralan halkara maslahatyň hem-de serginiň jemleri jemlenildi. Ýurdumyzyň maýa goýum forumynyň hem-de ugurdaş serginiň çäklerinde geçirilen bu çäreler ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda, ähli pudaklary sanlylaşdyrmakda, programma üpjünçiligini ornaşdyrmakda özboluşly ähmiýete eýe boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen forum türkmen halkynyň aň-bilim we döredijilik kuwwatynyň ýokarydygyny nobatdaky gezek mälim etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dilimizi ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar, «akylly» şäher we «akylly» gurluşlar, robototehnika, elektron söwda we elektron hökümet ýaly täze sözler bilen baýlaşdyrýan düşünjeler, halkara ähmiýetli forumlar ýurdumyzyň döwür bilen aýakdaş barýandygyny görkezýär. Munuň şeýledigini «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly halkara serginiň ikinji jemleýji gününde «Elektron hökümet, maglumat merkezi, innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we «ýaşyl» energetika», «Emeli aňyň (AI) täze döwri» diýen bölümlerde edilen çykyşlardan hem görmek bolýar. Olarda türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Nanotehnologiýalar barlaghanasynyň, «Toprak» hojalyk jemgyýetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz

Halkara giňişlikde

Üns merkezinde — Jidda sammitiniň jemleri Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň Brýusseldäki ilçileriniň ilkinji duşuşygynyň gün tertibiniň esasy meselesi geçen ýylyň 19-njy iýulynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň jemlerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Goňşy goňşynyň galasy: türkmen-owgan gatnaşyklary rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu gün ýurdumyzyň hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Şunda, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk ýörelgeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň Owganystan bilen köpasyrlyk taryhy geçmişiniň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Häzirki wagtda hem iki doganlyk halkyň arasyndaky syýasy-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklar barha giň gerime eýe bolýar. Köpugurly hyzmatdaşlygyň dürli pudaklaryny, şol sanda ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ýaly möhüm ulgamlaryny ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Düýn bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde teleköpri arkaly Arkadagyň ak ýoly bilen gaz, aragatnaşyk, elektrik, ulag geçiriji desgalaryny işe girizmäge badalga bermek dabaralary boldy. Dostlukly gatnaşyklaryň täze tapgyryna nobatdaky möhüm badalga bolup hyzmat eden bu dabaralar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hem netijeli görkezijisine öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň awgust aýynda paýtagtymyzd

Myhmanlara söz berýäris:

Selina LI,Hytaý Halk Respublikasynyň «Huaxiang» kompaniýasynyň hünärmeni: — Meniň Türkmenistana ilkinji gezek gelşim. Türkmenistan örän ajaýyp ýurt. Ak mermerli binalar, myhmansöýer halk maňa diýseň ýaraýar. Bu günki geçirilýän halkara maslahat we ugurdaş sergi ýokary derejede guralypdyr. Bu ýerde bize dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik bar. Halkara serginiň we maslahatyň dowamynda biz birnäçe kompaniýalaryň hünärmenleri bilen pikir alyşdyk. Biz hem «Huaxiang» kompaniýasynyň agzybir işgärleri bilen özümiziň ýokary derejeli önümlerimizi görkezmäge geldik. Biziň kompaniýamyz gurluşykda we binagärlikde zerur bolan enjamlaryň onlarçasyny öndürýär. Şu halkara maslahat we sergi bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Halkara hyzmatdaşlygynyň belent gadamlary

10-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergi öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Sportuň täze ruhy: Türkmenistandan Ýer ýüzüne

Sport dünýäsinde täze ýaryş, özi hem dünýä çempionaty derejesindäki ýaryş peýda boldy. Ol «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» diýlip atlandyrylýar. Biziň üçin has ýakymly tarapy täze sport baýramçylygynyň binýadynda hut Türkmenistanyň başlangyjy bar. Özara hyzmatdaşlygyň 30 ýyldan hem gowrak wagtynyň dowamynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen adamzadyň şu gününe we geljegine täsirini ýetirjek Kararnamalaryň birnäçesini kabul eden BMG nobatdaky başlangyjy hem ykrar etdi. Hoş habar BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowuşdy. Has takygy, 6-njy sentýabrda Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany kabul etdi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy.

Iki halkyň gatnaşyklary bakydyr

Bu uly dabaraly çäre ähli çarwadar halkly döwletlere degişli. Biziň bilşimiz ýaly, bu beýik döwletler adamzat üçin köp täzelik getiripdir. Çarwadarlar döwri, esasan, medeniýetiň, söwda aragatnaşygynyň ösüp-özgeren döwri bolupdyr. Çarwa durmuşynda ýaşan ýurtlaryň çäginden Beýik Ýüpek ýoly hem geçipdir. Merkezi Aziýa döwletleriniň halklaryna biz dogan diýip arkaýyn aýdyp bileris. Çünki biziň gelip çykyşymyz, köklerimiz bir, medeniýetimiz, taryhymyz örän meňzeşdir. Sebäbi biz çarwadarlar barada söz açanymyzda, olaryň medeniýeti barada aýtmak islänimizde, ilki bilen, Merkezi Aziýa halklaryny göz öňüne getirýäris. Çarwadarlaryň oýunlary barada gürrüň etmeli bolsa, onda bu oýunlaryň edil öňki döwürlerde bolşy ýaly, ýörgünli, şeýle-de döwrebap görnüşde dowam edýändigini buýsanç bilen aýtmalydyr. Bu gün gadymy medeniýetler gaýtadan dikeldilýär. Şeýlelikde, doganlyk halklar bilen birlikde, siz — türkmenleriň hem gatnaşmagyňyzda halklarymyzyň bitewi medeniýeti has-da jebisleşýär. Biziň gatnaşyklarymyz diňe bir syýasy, medeniýet ýa söwda ugurlaryna degişli bolman, eýsem, dost-doganlyk babatda hem barha berkeýär.

Türkmenistanyň Prezidenti: Owganystan boýunça möhüm taslamalaryň dabaralarynyň şaýady bolarys

10-njy sentýbarda paýtagtymyz Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy (TIF-2024) dabaraly ýagdaýda başlady. Onuň işine “Atawatan Media” topary hem gatnaşdy. Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergisiniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy çykyş etdi.

Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy -2024: Türkmenistanyň ykdysady ösüşi 6.3 göterim derejede saklanýar

2023-nji ýylyň we 2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň ykdysady ösüşi 6.3 göterim derejede saklanýar we ol köp babatda haryt öndürýän pudaklaryň önümçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly üpjün edilýär. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Türkmenistanyň Maýa goýumy forumynda eden çykyşynda belläp geçdi. Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy öz işini başlady. Forumyň “Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri” atly plenar mejlisinde maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Türkmenistanyň ykdysady ösüş mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

Türkmenistan bilen Özbegistan ulag ulgamyndaky resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrýar

Türkmenistanda geçirilýän maýa goýum forumyna gatnaşan Özbegistanyň ulag ministrli Ilhom Mahkamow “Ulag arabaglanyşygy we durnuklylyk: ulag we kommunikasiýa ulgamynda maýa goýum taslamalary” plenar mejlisinde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň gatnaşmagynda ulag başlangyçlary barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 10-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandaryň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.