Sportuň täze ruhy: Türkmenistandan Ýer ýüzüne

11 Sentýabr 2024
26

Sport dünýäsinde täze ýaryş, özi hem dünýä çempionaty derejesindäki ýaryş peýda boldy. Ol «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» diýlip atlandyrylýar. Biziň üçin has ýakymly tarapy täze sport baýramçylygynyň binýadynda hut Türkmenistanyň başlangyjy bar. Özara hyzmatdaşlygyň 30 ýyldan hem gowrak wagtynyň dowamynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen adamzadyň şu gününe we geljegine täsirini ýetirjek Kararnamalaryň birnäçesini kabul eden BMG nobatdaky başlangyjy hem ykrar etdi.

Hoş habar BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowuşdy. Has takygy, 6-njy sentýabrda Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany kabul etdi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy.

Aknur BAHTYÝAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar