Myhmanlara söz berýäris:

11 Sentýabr 2024
28

Selina LI,
Hytaý Halk Respublikasynyň «Huaxiang» kompaniýasynyň hünärmeni:

— Meniň Türkmenistana ilkinji gezek gelşim. Türkmenistan örän ajaýyp ýurt. Ak mermerli binalar, myhmansöýer halk maňa diýseň ýaraýar. Bu günki geçirilýän halkara maslahat we ugurdaş sergi ýokary derejede guralypdyr. Bu ýerde bize dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik bar. Halkara serginiň we maslahatyň dowamynda biz birnäçe kompaniýalaryň hünärmenleri bilen pikir alyşdyk. Biz hem «Huaxiang» kompaniýasynyň agzybir işgärleri bilen özümiziň ýokary derejeli önümlerimizi görkezmäge geldik. Biziň kompaniýamyz gurluşykda we binagärlikde zerur bolan enjamlaryň onlarçasyny öndürýär. Şu halkara maslahat we sergi bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Taýýarlan Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynasanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar