Gyrgyzystanyň poçta ibermeleri Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty arkaly daşalar

13 Sentýabr 2024
9

Gyrgyzystan poçta ibermelerini daşamakda Hazar deňzindäki Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň logistika toplumyny ulanmak barada Türkmenistan bilen ylalaşdy. Bu barada «Trend» habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, «Kygryz poçtasy» kompaniýasynyň baş direktory Marat Çerikçiýew bilen «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň baş direktory Serdar Owwadowyň arasynda onlaýn duşuşyk geçirilip, onda taraplar uzakmöhletleýin strategiki hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar.

Beýleki habarlar