Innowasiýalar — ykdysadyýetiň möhüm ugry

12 Sentýabr 2024
38

Düýn Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek maksady bilen guralan halkara maslahatyň hem-de serginiň jemleri jemlenildi. Ýurdumyzyň maýa goýum forumynyň hem-de ugurdaş serginiň çäklerinde geçirilen bu çäreler ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda, ähli pudaklary sanlylaşdyrmakda, programma üpjünçiligini ornaşdyrmakda özboluşly ähmiýete eýe boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen forum türkmen halkynyň aň-bilim we döredijilik kuwwatynyň ýokarydygyny nobatdaky gezek mälim etdi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dilimizi ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar, «akylly» şäher we «akylly» gurluşlar, robototehnika, elektron söwda we elektron hökümet ýaly täze sözler bilen baýlaşdyrýan düşünjeler, halkara ähmiýetli forumlar ýurdumyzyň döwür bilen aýakdaş barýandygyny görkezýär. Munuň şeýledigini «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly halkara serginiň ikinji jemleýji gününde «Elektron hökümet, maglumat merkezi, innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we «ýaşyl» energetika», «Emeli aňyň (AI) täze döwri» diýen bölümlerde edilen çykyşlardan hem görmek bolýar. Olarda türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Nanotehnologiýalar barlaghanasynyň, «Toprak» hojalyk jemgyýetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkeziniň, «Google Developers Group» toparynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň wekilleri ýurdumyzyň innowasion tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýetiniň häzirki ösüş mümkinçilikleri barada garaýyşlaryny beýan etdiler. Bu bölümleriň işine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «RID Batteries GmbH», Şwesiýa Patyşalygynyň «CMA Small Systems AB», Özbegistan Respublikasynyň «Mont Cloud», Russiýa Federasiýasynyň «Pozitiw Tehnolojis», Azerbaýjan Respublikasynyň «Advanced Technologies Solution LLC», Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Fortinet», Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui» ýaly öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar