Goňşy goňşynyň galasy: türkmen-owgan gatnaşyklary rowaçlanýar

11 Sentýabr 2024
18

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu gün ýurdumyzyň hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Şunda, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk ýörelgeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň Owganystan bilen köpasyrlyk taryhy geçmişiniň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Häzirki wagtda hem iki doganlyk halkyň arasyndaky syýasy-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklar barha giň gerime eýe bolýar. Köpugurly hyzmatdaşlygyň dürli pudaklaryny, şol sanda ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ýaly möhüm ulgamlaryny ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Düýn bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde teleköpri arkaly Arkadagyň ak ýoly bilen gaz, aragatnaşyk, elektrik, ulag geçiriji desgalaryny işe girizmäge badalga bermek dabaralary boldy. Dostlukly gatnaşyklaryň täze tapgyryna nobatdaky möhüm badalga bolup hyzmat eden bu dabaralar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hem netijeli görkezijisine öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň awgust aýynda paýtagtymyzda türkmen-owgan gepleşikleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Onuň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä, giň gerimli mümkinçiliklere eýe bolýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Arslan MÜLLIKOW.
Beýleki habarlar