Maýa goýum forumy: mümkinçilikler. teklipler. taslamalar

12 Sentýabr 2024
47

Türkmenistanda giň wekilçilikli işewürlik maslahatlaryny, maýa goýum forumlaryny guramak bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, senagat, maýa goýum mümkinçiliklerini, olardan netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işleriň gerimini açyp görkezmek, hyzmatdaşlara ygtybarly maglumatlary bermek, ykdysady we önümçilik taslamalaryna daşary ýurt maýadarlaryny çekmek meseleleri esasy wezipe hökmünde öňe çykarylýar. Şoňa görä, paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda iki günläp dowam eden maýa goýum forumyna gatnaşyjylar häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri, maýa goýum strategiýasy, ýurdumyzyň senagat-innowasion ösüşine, önümçilik pudagyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň, iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýete geçilmegine gönükdirilen özgertmeler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Düýn öz işini tamamlan forumyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar sanly ulgam arkaly Watanymyzyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazyljak taryhy wakalaryň — Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdylar. Bu desgalar türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny alamatlandyryp, goňşy ýurduň ykdysady taýdan galkynmagyna goşant goşmakda uly ähmiýete eýedir. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň diňe bir türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşi, parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegi üçin kuwwatly binýady döretjek iri energetika taslamasydygyny aýratyn nygtamak zerur. Garaşylyşy ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Hindistanyň we Pakistanyň 2 milliarda golaý halky uzak möhletleýin energiýa howpsuzlygynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp biler.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar