Iki halkyň gatnaşyklary bakydyr

11 Sentýabr 2024
31

Bu uly dabaraly çäre ähli çarwadar halkly döwletlere degişli. Biziň bilşimiz ýaly, bu beýik döwletler adamzat üçin köp täzelik getiripdir. Çarwadarlar döwri, esasan, medeniýetiň, söwda aragatnaşygynyň ösüp-özgeren döwri bolupdyr. Çarwa durmuşynda ýaşan ýurtlaryň çäginden Beýik Ýüpek ýoly hem geçipdir. Merkezi Aziýa döwletleriniň halklaryna biz dogan diýip arkaýyn aýdyp bileris. Çünki biziň gelip çykyşymyz, köklerimiz bir, medeniýetimiz, taryhymyz örän meňzeşdir. Sebäbi biz çarwadarlar barada söz açanymyzda, olaryň medeniýeti barada aýtmak islänimizde, ilki bilen, Merkezi Aziýa halklaryny göz öňüne getirýäris.

Çarwadarlaryň oýunlary barada gürrüň etmeli bolsa, onda bu oýunlaryň edil öňki döwürlerde bolşy ýaly, ýörgünli, şeýle-de döwrebap görnüşde dowam edýändigini buýsanç bilen aýtmalydyr. Bu gün gadymy medeniýetler gaýtadan dikeldilýär. Şeýlelikde, doganlyk halklar bilen birlikde, siz — türkmenleriň hem gatnaşmagyňyzda halklarymyzyň bitewi medeniýeti has-da jebisleşýär. Biziň gatnaşyklarymyz diňe bir syýasy, medeniýet ýa söwda ugurlaryna degişli bolman, eýsem, dost-doganlyk babatda hem barha berkeýär.

Amirjan ALPEISOW,
L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň taryhçy-alymy.
Beýleki habarlar