"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymgulynyň adyny göterýän täze mekdep

türkmen-täjik dost-doganlygyndan nyşandyr Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berilýän desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar.

«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» pars dilinde

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäginde dostlukly ýurduň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyň sowgat berlendigi bellenildi. Munuň özi taryhy ähmiýetli wakadyr. Gahryman Arkadagymyza berlen bu sowgat eseriň dünýä halklary üçin ähmiýetlidigini görkezýär. Onda Milli Liderimiziň käbesi Ogulabat ejäniň ähli babatda nusgalyk durmuş ýoly, ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly orny eýeleýän türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri açylyp görkezilýär.

BMG-niň meýdançasynda sport diplomatiýasyny ilerledip

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bu möhüm resminama sessiýanyň gün tertibiniň «Sport ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna: sport we Olimpiýa ideallary arkaly parahatçylygy berkitmek hem-de planetada has bagtyýar durmuşy gurmak» atly bendi esasynda kabul edildi.

«Ýaňlan, Diýarym!» — ýaş zehinleriň sungat baýramçylygy

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher häkimligi zehinli ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň guramaçysy bolup çykyş etdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden ýaş artistleri bir ýere jemleýän bu bäsleşik olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, halkymyzyň baý ruhy mirasyna, aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna şert döredýär. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iň mynasyp iki aýdymçy döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 14-si «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Olar nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Abraýly festiwaldaky üstünlik

Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Şark taronalari» («Gündogar sazlary») XIII halkara aýdym-saz festiwalynda Türkmenistanyň sungat ussatlary üstünlikli çykyş edip, baýrakly birinji orna we bäsleşigi guraýjylaryň pul baýragyna mynasyp boldular. Dünýäniň 80-e golaý ýurdundan 400 töweregi artistiň gatnaşmagynda geçirilen halkara festiwalda ildeşlerimiziň gazanan üstünligi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ajaýyp toý sowgady boldy. Halkara aýdym-saz festiwalyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sazandasy, Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Sapamyrat Annamyradow we Döwlet Daňatarow, şeýle hem şol ýokary okuw mekdebiniň talyby Allamyrat Muhammetgulyýew dagy gatnaşdy.

Garaşsyz Watanymyzyň ýaşajyk uçgunlary

6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň

Şanly baýrama bagyşlanan dabara

Şu gün Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýinde muzeýiň işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda mukaddes  Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar» atly dabara geçirildi. Il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, welaýatymyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu çärede Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň okgunly ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan tutumly işleri  barada giňişleýin söhbetler edildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym, gaýduwsyz esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk durmuş ýoly baradaky çykyşlar dabara gatnaşan ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Döwletli iliň döwletli ýoly

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sahawatly güýzünde bagtyýar watandaşlarymyz ýene-de bir taryhy waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň toýlanjak günlerinde Aşgabat şäherinde geçiriljek bu umumymilli forum ýurdumyzy depginli ösdürmäge, halkymyzyň röwşen geljegini berkarar etmäge gönükdiriljek döwletli çözgütlere baý bolar. Çünki pederlerimiziň agzybirlik ýörelgelerine eýerilýän döwletli Diýarymyzda halkyň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm çözgütler kabul edilende ýaşulular, halk köpçüligi bilen maslahatlaşylýar. Bular dogrusynda şu günler etrabymyzda geçirilýän maslahatlarda hem buýsançly çykyşlara giň orun berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halka daýanyp, il sylagly ýaşululara sala salyp bitirýän işleriniň guwandyryjy netijelerini islendik pudagyň ösüşiniň mysalynda görmek bolýar. Aýratyn hem il-ulsumyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, iş we zähmet şertlerini gowulandyrmak ugrundaky beýik özgertmeler uludan-kiçiniruhy galkynyşa, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Biz Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze tutumlara badalga beriljekdigine uly ynam bildirýäris. 

Ýaşlar — Watanyň daýanjy

Berkarar döwletimizde ata-babalarymyzyň durmuş tejribesine daýanyp, ýol-ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza ygrarly ýaş nesli terbiýelemek bilen bagly meselä möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda öňde duran wezipeleri üstünlikli amal etmek maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris.  Şeýle ähmiýetli çärelerde edilýän çykyşlarda ata Watanymyzda beýik maksatlara ýetmekde ýaşlaryň güýç-kuwwatyna bil baglanylýandygy nygtalýar. Şu esasdan hem döwletimizde ylymly-bilimli, hünärli we başarjaň ýaşlaryň, sagdyn ruhly nesilleriň kemala gelmeginde giň gerimli tutumlara badalga berilýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň düşünjeli nesiller bilen ýetilmejek menzil, bitirilmejek iş ýokdur. Şeýle hem özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar ýaşlarymyz ylmy başlangyçlary, täze döredijilik gözlegleri bilen ýurdumyzyň ykdysady galkynyşyna, syýasy-medeni durmuşynyň özgerişine mynasyp goşant goşýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar!Gadyrly myhmanlar! Şu gün iki ýurduň durmuşynda taryhy waka bolup geçýär. Bu gün Türkmenistanyň we Owganystanyň özara gatnaşyklarynyň sene ýazgysyna şanly sahypa bolup girer. Biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli taslamalaryň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygynyň şaýady bolýarys.

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Düýn türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Ynsanperwerlik ýüki çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Derýa gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdebi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmen-owgan serhedinde täze demir ýol köprüsi ulanyşa berildi

11-nji sentýabrda Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär. Açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň

Tikinçileriň batly gadamlary

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Bäherden» tikin fabriginiň agzybir işçi-hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuny guwandyryjy iş görkezijileri bilen garşylaýarlar. Agzalan kärhanada şanly ýylyň geçen sekiz aýynda 9 million 857 müň manatlykdan gowrak tikin önümleri öndürilip, bu babatdaky meýilnama 126,4 göterim ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, gelin-gyzlaryň 100-den gowragynyň zähmet çekýän ýeri bolan kärhananyň önümçilik işinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri kärhanada tikin önümleriniň 622 müňden gowragy taýýarlanyldy. Şol önümleriň esasy bölegi buýurmalar esasynda tikilen ýöriteleşdirilen lybaslardyr. Ekologik taýdan arassa nah matalardan tikilen önümler hiliniň ýokarydygy bilen tapawutlanýar.

Jemgyýeti jebisleşdirmegiň möhüm güýji

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuwlan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwleti halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşyny üpjün edip, ösüş arkaly parahatçylyk ýoly bilen Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk toýuny toýlamaga dürli ugurlardaky üstünlikler bilen barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşler bilen birlikde milli demokratik ýörelgeler hem dabaralanýar. Munuň özi umumadamzat ösüşine mynasyp goşant goşýan türkmen jemgyýetine durnukly ösüşiň, türkmen medeniýetine, däp-dessurlaryna özboluşlylyklaryň mahsusdygynyň aýdyň nyşanydyr. Asylly demokratik däpleri we maddy medeniýetiň ynsanperwer ýörelgelerini döwrebap derejede baýlaşdyrýan Türkmenistanda jemgyýetiň döredijilik, öndürijilik güýjüni netijeli ugurlara gönükdirmegi üpjün edýän jebisleşdiriji institutlar döredilýär. Olaryň işi yzygiderli kämilleşýär.

Muhammatkarim KURMANOW, Halkara maglumatlaşdyrma akademiýasynyň akademigi, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor:

— Özüm Astanada ýaşaýaryn. Maşgalamyz bolup, sport ýaryşynyň açylyşyna geldik. Men ýaşlykdan sportuň janköýeri. Häzir 83 ýaşymda bolsamda, halkara sport çäresine gatnaşmak höwesimiň egsilmänligi ýöne ýerden däl. Sport — güýç-kuwwat. Sportda ýaşaýşa söýgi, ýaşlyk bar. 40 ýyla golaý iş tejribämiň dowamynda sport aýratyn orny eýeledi. Ol meniň üçin ylym dünýäsine hem ylham boldy. Çarwadarlaryň oýunlary türki dünýä mahsus meşhur oýunlary özünde jemleýär. Şu ýerde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragyny ýatlaman geçmek bolmaz. Bir wagtlar Moskwada aspiranturada okan ýyllarymda türkmen ýigitleri maňa Magtymguly barada köp zatlary aýdyp beripdiler. Soň ony özüm hem ürç edip öwrendim. Akyldar şahyryň döredijiligi çuňňur ylma ýugrulan. Men beýik akyldaryň döredijiligine uly hormat goýýaryn.

Astana agşamy: ymgyr sähradaky duşuşyk

Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary hakda söhbet Biri-biriňe myhmançylyga, görme-görşe barmak, gadyrly gatnaşmak, baýramyna begenmek gadymdan bäri ynamyň, ynanyşmagyň iň asylly ýörelgeleriniň özenidir. Halklaryň arasynda hem şeýle ýörelgeler mäkäm dowam edip gelýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara bolan iş saparlary hoşniýetli, dostana gatnaşyklaryň nusgasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 8-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň özi hem aýdanlarymyzy tassyk edýär.

Maslahatly il myrada ýeter

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli guramasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüş ýollarynda gazanylan üstünliklerine mynasyp baha berlip, geljekde ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynda amala aşyrylmaly wezipeler kesgitleniler. 1991-nji ýylda başy başlanan täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerdäki ösüşini üpjün etmekde, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmekde ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilip gelinýär. Şol beýik işleriň çözgüdi Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylýar.

Garaşsyzlyk bagty

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, gazanylýan uly zähmet üstünlikleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny has-da pugtalandyrýar. Şu günler mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygyna zähmet üstünlikleri bilen barmak üçin yhlasly zähmet çekýär. Garaşsyzlyk — bu berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny we bitewüligini şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen ajaýyp Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna gurýar we döredýär, Garaşsyzlygyň peşgeş eden bagtyna çäksiz buýsanç duýgusy bilen ýaşaýar. Mähriban halkymyz bu mukaddes baýramçylygy has-da şowhunly, dabaraly belläp geçmek üçin ykjam taýýarlanýar. Çünki türkmen döwletiniň beýik we nurana baýramy — mukaddes Garaşsyzlyk güni kämillige tarap ösýän we özgerýän jemgyýetimiziň gymmatlygydyr, ildeşlerimize ruhubelentlik, çäksiz güýç berýän buýsançly toýumyzdyr.

Ýaş zehinleriň owazy

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» — bagtyýar çagalaryň şatlygy Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy.