Şanly baýrama bagyşlanan dabara

12 Sentýabr 2024
52

Şu gün Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýinde muzeýiň işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda mukaddes  Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar» atly dabara geçirildi.

Il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, welaýatymyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu çärede Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň okgunly ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan tutumly işleri  barada giňişleýin söhbetler edildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym, gaýduwsyz esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk durmuş ýoly baradaky çykyşlar dabara gatnaşan ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Agamyrat SOLTANOW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan  ORAZOW.
Beýleki habarlar