Maslahatly il myrada ýeter

12 Sentýabr 2024
28

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli guramasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüş ýollarynda gazanylan üstünliklerine mynasyp baha berlip, geljekde ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynda amala aşyrylmaly wezipeler kesgitleniler.

1991-nji ýylda başy başlanan täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerdäki ösüşini üpjün etmekde, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmekde ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilip gelinýär. Şol beýik işleriň çözgüdi Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylýar.

Nurnabat GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar