BMG-niň meýdançasynda sport diplomatiýasyny ilerledip

12 Sentýabr 2024
8

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Bu möhüm resminama sessiýanyň gün tertibiniň «Sport ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna: sport we Olimpiýa ideallary arkaly parahatçylygy berkitmek hem-de planetada has bagtyýar durmuşy gurmak» atly bendi esasynda kabul edildi.

Beýleki habarlar