«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» pars dilinde

12 Sentýabr 2024
10

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäginde dostlukly ýurduň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyň sowgat berlendigi bellenildi. Munuň özi taryhy ähmiýetli wakadyr. Gahryman Arkadagymyza berlen bu sowgat eseriň dünýä halklary üçin ähmiýetlidigini görkezýär. Onda Milli Liderimiziň käbesi Ogulabat ejäniň ähli babatda nusgalyk durmuş ýoly, ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly orny eýeleýän türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri açylyp görkezilýär.

Beýleki habarlar