«Ýaňlan, Diýarym!» — ýaş zehinleriň sungat baýramçylygy

12 Sentýabr 2024
7

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher häkimligi zehinli ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň guramaçysy bolup çykyş etdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden ýaş artistleri bir ýere jemleýän bu bäsleşik olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, halkymyzyň baý ruhy mirasyna, aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna şert döredýär.

Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iň mynasyp iki aýdymçy döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 14-si «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Olar nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Beýleki habarlar