Astana agşamy: ymgyr sähradaky duşuşyk

12 Sentýabr 2024
23

Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary hakda söhbet

Biri-biriňe myhmançylyga, görme-görşe barmak, gadyrly gatnaşmak, baýramyna begenmek gadymdan bäri ynamyň, ynanyşmagyň iň asylly ýörelgeleriniň özenidir. Halklaryň arasynda hem şeýle ýörelgeler mäkäm dowam edip gelýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara bolan iş saparlary hoşniýetli, dostana gatnaşyklaryň nusgasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 8-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň özi hem aýdanlarymyzy tassyk edýär.

Beýleki habarlar