Tikinçileriň batly gadamlary

12 Sentýabr 2024
26

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Bäherden» tikin fabriginiň agzybir işçi-hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuny guwandyryjy iş görkezijileri bilen garşylaýarlar. Agzalan kärhanada şanly ýylyň geçen sekiz aýynda 9 million 857 müň manatlykdan gowrak tikin önümleri öndürilip, bu babatdaky meýilnama 126,4 göterim ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, gelin-gyzlaryň 100-den gowragynyň zähmet çekýän ýeri bolan kärhananyň önümçilik işinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri kärhanada tikin önümleriniň 622 müňden gowragy taýýarlanyldy. Şol önümleriň esasy bölegi buýurmalar esasynda tikilen ýöriteleşdirilen lybaslardyr. Ekologik taýdan arassa nah matalardan tikilen önümler hiliniň ýokarydygy bilen tapawutlanýar.

(Öz habarçylarymyz).
Beýleki habarlar