Bedew münen gaýratly
Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly kitaplary bilen halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrdy. Aslynda-da, türkmeniň dünýäsini bedew atsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Munuň şeýledigine Milli Liderimiziň atlar bilen didarlaşýan, olar bilen gezelenç edýän pursatlarynda has ýakyndan göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz: «Menziller bedew bilen aşylýar. Syrdaşyň, gardaşyň, hemdemiň, badalgaň bedewdir!», «At — türkmen üçin ähli zat» diýip belleýär. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden hem dabaraly bellenilip geçilýär. Baýramçylyk çäreleriniň halkara derejede geçirilip, olara daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmaklary ahalteke bedewiniň şöhratyna şan goşýar. Olaryň gözelliginiň, ýyndamlygynyň şöhratyny bütin dünýä doldurýar. Şu ýyl türkmen bedewiniň şanyna tutulan baýramçylyk dabaralarynyň ilkinji gezek döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde geçirilmegi hemmämizi buýsandyrdy. Bu şäher — atşynaslygyň hem şäheri! Bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hem-de Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň we döwrebap athananyň açylyp ulanmaga berilmegi bu ugurdaky taryhy ähmiýetli işleriň üstüni ýetirdi.