Dabaraly maslahat geçirildi

13 Maý 2024
319

Welaýat kitaphanasynda agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň güni mynasybetli «Golumyzda Baş Kanun, depämizde ýaşyl tug, röwşen geljege dowam, ýolumyza saçýar nur» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatymyzyň medeniýet-sungat işgärleri, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Baş Kanunymyzdan gözbaş alýan kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi diňe bir şu günüň däl, eýsem, geljegiň hem täze gözýetimlerini öz mazmunynda jemleýär. Hukuk kadalaryny kämilleşdirmek işlerine jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşdyrylýandygy bolsa berkarar Watanymyzda milli demokratiýanyň aýdyň dabaralanmasydyr.

Çemengül HUDAÝBERENOWA,
Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar