«Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

13 Maý 2024
315

11-nji maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan etmeginde geçirilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan eserleriň awtorlaryna höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Döredijilik bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň barşynda çykyş edenler ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olara döredijilik äleminde täze ösüşli menzilleri arzuw etdiler. Bu ýerde balkanly sungat ussatlary özleriniň ajaýyp aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Dabara gatnaşan ýaşlar soňra Magtymguly Pyragy muzeýine aýlanyp, bu ýerdäki gymmatlyklar, şol sanda ýaş senetkärleriň döreden işleri bilen tanyşdylar.

Leýla AŞYRMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar