Täze awtobuslar — ilatyň hyzmatynda

11 Maý 2024
401

8-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Ahalawtoulag» önümçilik birleşigine 200-e golaý ýolagçy awtobusy, şeýle-de Bäherden etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan kämil lukmançylyk enjamlary sowgat hökmünde gowşuryldy. Bu wakalar Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabaralaryň şatlygyny has-da artdyrdy.

Ýeri gelende, Ahal welaýatynyň ilatyna ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etjek awtobuslaryň kümüş saçly enelerimiziň gatnaşmagynda, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýüze sylynyp, ak un sepilip, uly guwanç bilen kabul edilendigini, olaryň halka uzak wagt, tehniki taýdan gurat we ýokary derejede hyzmat etmeginiň arzuwlanandygyny bellemelidiris.

(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar