Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimiz

13 Maý 2024
360

10-njy maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Balkan welaýatynyň häkimliginiň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda «Magtymguly — geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarda zähmet çekýän agzalary, ylym we bilim işgärleri, halypa ýazyjy-şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaş alymlar işjeň gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler çuň manyly pikirleri bilen türkmen halkynyň berkarar döwletini islän Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasatynyň netijesinde sözüň doly manysynda amala aşandygyny nygtadylar.

Beýleki habarlar