Täzelik

13 Maý 2024
428

Türkmenabat şäherindäki «Ak pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabrikde lukmançylykda ulanmak üçin niýetlenilen pamygyň öndürilişi barha artdyrylýar.

Fabrigiň agzybir işgärleri şu ýylyň geçen dört aýy boýunça iş meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdiler. Has takygy, geçen dört aýda pamyk we pamyk serişdeleriniň 910 tonnasy öndürildi. Öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 2 million 247 müň 159 manatlyga deň boldy. Şeýle-de bu döwürde taýýar önümleriň 104 tonnadan gowragy, pul hasabynda bolsa 561 müň 556 manatlygy eksporta ugradyldy. Ýeri gelende belläp geçsek, «Ak pamygyň» önümleri içerki bazar bilen bir hatarda Azerbaýjan, Türkiýe, Belgiýa ýaly ýurtlarda-da islegli önümleriň hatarynda tanalýar.

Beýleki habarlar