Türkmenistan toýly Diýar

13 Maý 2024
268

Akyldar şahyryň ady bilen gelen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýene bir şanly sene mynasybetli gadymy oguzlaryň ýurdunda toý toýlanýar, ýagny her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni goşa baýram hökmünde dabaralandyrylýar.

Gün-günden ajap keşbe girýän baş şäherimiziň döwrebap ösüş-özgerişi köňül köşgüňe nur çaýyp, ýedi yklyma maglum «Aşgabat — gözelligiň we söýginiň şäheri» diýen jümleler aňyňda şineläp, joşgunly göwnüňe nur çaýýar. Ilki bilen, şuglazar görki bilen ähli binalardyr desgalardan saýlanyp, durnagöz çeşme deý dury mawy asmana egin deňläp, 133 metr belentlikde parlap duran äpet ýaşyl Tugumyz biygtyýar özüne maýyl eder. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alyp, jümle-jahana at-owazasy dolan uly göwrümli Döwlet baýdagymyzyň bäş müňýyllyk şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň, hemişelik Bitarap döwletimiziň abadançylygynyň nyşanyna öwrülip, erkana hem görkana pasyrdap durşy göwün guşuňy al-asmanda pelpelledip, ömrüňe ömür goşýar.

Jeren ATAMYRADOWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Aşgabat şäheriniň Halk maslahatynyň agzasy.
Beýleki habarlar