Sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi

13 Maý 2024
383

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gümrük syýasaty has-da dabaralanyp, halkara gatnaşyklaryna giň gerim berilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy daşary döwletleriň ençemesi bilen gümrük işlerinde halkara hyzmatdaşlygyny ýokary derejede alyp barýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen dünýäniň ençeme ýurtlarynyň gümrük gulluklarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyklar, maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Gümrük we söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Öwezgeldi MEDEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar