"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan we Malaýziýa maglumat-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda türkmen-malaýziýa köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen geňeşmelerde ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk üçin bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Şeýle hem taraplaryň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary hem-de ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Garabogazköl aýlagynyň üstünden HÄM-den älem «ýük ulagy» surata alyndy

Orbital şekilde, Halkara älem menziline ýakynlaşanda, Türkmenistanyň Garabogazköl aýlagynyň kenarynda uçýan Cygnus ýük älem gämisini surata alyndy. Surat ýakynda NASA galereýasynda «Halkara älem menzilinden ol Türkmenistanyň üstünden ýakynlaşanda guw şekillenýär» ýazgysy bilen çap edildi.

«Türkmenaragatnaşyk» we «LS Cable & System» IKT ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri we «LS Cable & System» koreý kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi boýunça onlaýn duşuşyk geçirdiler. Seuldaky türkmen ilçihanasynyň habar berşi ýaly, gepleşikler maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary pudagyndaky hyzmatdaşlyk dogrusynda boldy. Onda sanly tehnologiýalara esaslanýan täze Arkadag şäherindäki taslamalara aýratyn üns berildi.

«071» gullugy - gije-gündiziň dowamynda aragatnaşyk hyzmatlary barada dessine jogap alyň!

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan sanly ulgamda täze hyzmatlary, amatlyklary, ýeňillikleri döretmek maksady bilen sanly hyzmatlar ýola goýulýar. Döwrüň talabyna laýyk gelýän, ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlaryny has-da ýeňilleşdirýän aragatnaşyk ulgamynyň dürli hyzmatlary halkymyza hödürlenýär. «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «071» sorag--jogap merkezi Türkmenistanyň çägi boýunça gije-gündiziň dowamynda halkymyza hyzmat edýär. ‘‘Aragatnaşyk hyzmatlar merkezi’’ bölüminiň operatorlary telewideniýe we Internet hyzmatlary boýunça näsazlyklaryň geçiş tertibini telefon arkaly kabul edýär.

Sanlylaşdyrma — ösüşiň möhüm şerti

Tehnologiýalaryň çalt özgerýän zamanasynda sanly ulgam durmuşyň we ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrylýar. Bazar bäsdeşliginiň güýçlenýän şertlerinde sanly ulgama geçip, döwrüň tizligine eýermek işewür düzümler we önümçilik kärhanalary üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy bäsdeşlikde üstünlik gazanmaga ýardam berýän esasy şertleriň biridir. Şoňa görä-de, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde döwlet hyzmatlaryny we hususy işewürligi sanlylaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Işewürlik babatda aýdylanda, sanly ulgama geçiş kärhananyň işine döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny aňladýar. Munuň özi diňe bir kämil enjamlaryň we programma üpjünçiliginiň peýdalanylmagyny däl-de, dolandyryşda, işewürlik medeniýetinde, müşderiler we hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarda düýbünden täzeçil çemeleşmeleri göz öňünde tutýar. Şeýle edilende, her bir işçiniň ýa-da hünärmeniň öndürijiliginiň artmagy bilen birlikde, hyzmatdan hoşal müşderileriň sanynyň hem köpelmegine getirýär. Bu bolsa kärhananyň abraýyna oňyn täsirini ýetirýär.

Innowasion ösüşiň ýoly

Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda innowasion çemeleşmelere, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagatyň döredilmegine, pudaklaryň işine we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. XXI asyrda sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmagy uly mümkinçilikleri açyp, işleriň ýeňilleşmegini üpjün edýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlenilip, ony üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Konsepsiýany amala aşyrmagyň çäklerinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda edara-kärhanalaryň, guramalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilim, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maliýe we bank ulgamlarynda, senagatyň aýry-aýry pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň paýynyň artmagyny üpjün etmäge hem-de sanly aragatn

Astanada Merkezi Aziýada iň iri tehnologik forum geçiriler

12-13-nji oktýabrda Astana şäherinde Merkezi Aziýada iň iri DigitalBridge 2023 atly tehnologik forum geçiriler. Çärä dünýä belli IT kompaniýalarynyň wekillerini, tutuş sebitden bilermenleri, maýadarlary we işewürleri emeli intellektiň häzirki döwürde eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin çagyryldy. Ýubileý forumyň maksatnamasyna (ol eýýäm bäşinji gezek geçirilýär) Gazagystanyň Prezidentiniň gatnaşmagyndaky umumy mejlis, 30-dan gowrak panel sessiýalar, Google korporasiýasynyň guramagyndaky çäreler girizildi. Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministri Bagdat Musin şu gezekki duşuşygyň pudagyň hünärmenlerine we bilermenlerine emeli intellekt babatda tejribe paýlaşmak üçin mümkinçilik döretjekdigini belledi.

Tehnologiýalar merkezinde sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça ylmy okuw-maslahat geçirildi

10-njy awgustda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzda sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri» atly ylmy okuw-maslahat geçirildi Onuň dowamynda ýurtda sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri; Türkmenistanda awtomatlaşdyrylan seýsmomonitoring ulgamyny döretmek; Himiýa institutynyň ylmy-barlag işlerinde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen ýetilen sepgitler; dürli dillerdäki çeşmeleri peýdalanmakda internet ulgamynyň häzirki zaman mümkinçilikleri; Magtymguly Pyragy portalynyň maglumat gory; topragyň agrohimiki düzüminiň esasynda sanly tematiki kartalary işläp düzmek; nebit-gaz ulgamynda IT tehnologiýalary; elektrohereketlendirijileriň dolandyryş ulgamynda maglumatlary sanly ulgam arkaly geçirmekligiň netijeliligi; enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň aýratynlyklary ýaly temalardan çykyş edildi.

«Akylly» öýleriň amatlyklary

Halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly senede Arkadag şäheriniň açylmagy iň bir guwandyryjy wakalaryň biri boldy. «Akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alyp, bu ýerde ähli desgalar sanly ulgama geçirildi. Onuň durmuşa ornaşdyrylmagyna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary uly höwes bilen işjeň gatnaşdylar. Arkadag şäherindäki «Akylly öý» tehnologiýasy esasynda işleýän ähli elektrik enjamlaryny aralykdan sesiň üsti bilen hem-de el telefonlaryň kömegi bilen dolandyrmak mümkinçiligini berýär. «Akylly öýüň» içindäki ähli elektrik enjamlary el telefonlary we ses buýruklary arkaly aralykdan, şeýle hem elde dolandyrylýar. «Akylly öý» ulgamynyň her bir elektrik enjamyny dolandyrmak üçin ýörite elektrik shemalary we programma üpjünçiligi işlenilip taýýarlanyldy. Elektrik enjamlary el telefonyň kömegi bilen dolandyrmak üçin «Akylly öý» ulgamyna ýörite niýetlenip, işlenip taýýarlanan programma üpjünçiligini el telefonyna ýüklemeli we ol programma üpjünçiliginde hasap açmaly. Bu programma üpjünçiliginde dolandyryp bolýan ähli enjamlaryň häsiýetnamalary, olary dolandyrmagyň düzgünleri barada giňişleýin maglumatlar bar, ýagny ulanyjy üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan. Şeýlelikde, bu programma üpjünçiligi işleriň yzygiderli amala aşyrylmagyna ýardam edýär.

Kämil tehnologiýalara daýanyp

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň batly depginler bilen ösýän ähli pudagynda sanly ulgama, innowasion tehnologiýalara uly orun degişlidir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek işleri, tehnologiýalardan peýdalanmak mümkinçilikleri barha giň gerime eýe bolýar. Häzirki innowasion tehnologiýalaryň ýokary depgin bilen ösýän zamanasynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň gazananlaryny ornaşdyrmak ugrunda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Arkadagly Serdarymyz eziz Diýarymyzda sanly bilimi ösdürmekde, ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigine hemişe ünsi çekýär. Şunuň bilen baglylykda, ylmy-önümçilik, ylym-bilim ulgamlarynda netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu gün türkmen ýaşlarynyň döwrüň talabyna görä ylym öwrenip, ösen innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarmaklary, täze-täze döredijilik gözleglerini alyp barmaklary üçin giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ýokary netijeli işler ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň işjeňligini ýokarlandyrmakda, bu ugurda zerur hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Gün energiýasynyň ähmiýeti

Häzirki döwürde adamzat durmuşyny elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gündelik durmuşda, oba hojalygynda, zawoddyr fabriklerde, umuman, önümçiligiň ähli pudaklarynda elektrik energiýasy giňden ulanylýar. Biziň ählimiz energiýanyň çeşmeleri hökmünde organiki ýangyçlary, kömri we tebigy gazy, nebit önümlerini göz öňüne getirýäris. Muňa garamazdan, tebigy baýlyklarymyzy geljekki nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, ekologiýa taýdan arassa önüm bolan energiýanyň alternatiw, adaty däl, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinde yzygiderli ylmy-barlag işleri geçirilip, bu ugurda uly açyşlar edilýär. Häzirki wagtda alternatiw energiýany öndürýän elektrik stansiýalarynyň görnüşlerine Gün we ýel elektrik stansiýasy, geotermal elektrik stansiýasy, gidro elektrik stansiýasy degişlidir.

«Bagger 288» — dünýäniň iň uly ekskawatory

Dünýäniň täsin inženerçilik çözgütleri çylşyrymlylygy we gabarasynyň äpetligi bilen bizi haýran galdyrýar. Ol «senagat titany» diýip at alan dünýäniň iň uly ekskawatory — «Bagger 288». «Bagger 288» «Thyssen Krupp Fordertehnik» kompaniýasy tarapyndan «Rheinbraun» nemes kömür çykaryş kompaniýasy üçin 1978-nji ýylda döredildi. Bu äpet tehnika Germaniýanyň Garsweýler we Hambah karýerlerinde işletmek üçin gurnalypdyr.

Sanly ulgam

Häzirki  döwürde Diýarymyzda durmuş-ykdysady ulgamyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, şeýle hem ähli ulgamlaryň  maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy eýýamda Konsepsiýany durmuşa geçirmek babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň ählisinde sapaklary multimediýa serişdelerini peýdalanyp, interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Okuwyň interaktiw usulda geçilmegi dersiň gyzykly  bolmagyna hem çuňňur özleşdirilmegine, şol bir wagtyň özünde,  ýaşlaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegine ýardam edýär.

«TIZ BELLIK»: ÇALT WE TYGŞYTLY

Ýaş alym awtobuslary bellige alnyş nokadynda dispetçerlik işini sanlylaşdyrmakda «Tiz bellik» atly programmany işläp taýýarlady. Bu programma nokatlardaky dispetçerlik işini doly awtomatlaşdyrýar. Programma ulanylyşa girizilse, bellige alyş nokadyndaky dispetçerlik işleri üçin häzirkisinden birnäçe essä çenli wagt tygşytlanar. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçilikleriniň  aglabasynyň türkmen ýaşlarynyň ylmy gözleglerinden kemal bolandygyny siz hem bilýänsiňiz. Bu bolsa ýaşlary täze ylmy gözleglere höweslendirdi. Şol gözlegleriň netijesinde «Akylly» şäher» konsepsiýasyna goşant goşjak netijeli işleriň birnäçesi durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Güýçgeldi Kerimowyň geçiren ylmy gözlegleri hem, hut, şu wezipä bagyşlandy. Has takygy, ýaş alym «akylly» şäherlerde awtobuslaryň bellige alyş ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça gözlegleri geçirip, oňyn netijeleriň üstünden bardy. Güýçgeldiden alyp baran ylmy işiniň ähmiýeti barada soranymyzda, ol ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, ulag edaralarynda edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmakdan hem-de usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdygyny aýtdy. Işiň netijesi sanly ulag ulgamyny ösdürmäge, bu ugurda tehnologik

Ylmy ösüşleriň strategiýasy

Rowaç gadamlar bilen durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda agzybir zähmet çekýän, bagtyýar geljegini gurýan halkymyzyň durmuşynda Berkarar ­döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşleri, täze sepgitleri bagyş edýär. Bu buýsançly döwürde halkymyzyň aň-düşünjesindäki, medeni we ruhy durmuşyndaky, eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetindäki ägirt uly özgerişler altyn harplar bilen halkymyzyň şöhratly taryhynyň sahypasynda orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň ylym taýdan düýpli esaslandyrylan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bilim ulgamynda, jemgyýetçilik durmuşymyzda uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamlarynda täze innowasion tehnologiýalar, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektron resminama dolanyşygyna giň mümkinçilikler döredilýär we bu babatda uly öňegidişlikler gazanylýar. Hemmetaraplaýyn ösüşiň depgininiň ýokarlanmagy jemgyýetiň ylmy-tehniki kuwwatyna bagly bolup durýar. Ol ylmyň we tehnikanyň ösüş kuwwatyna, jemgyýetiň ylmy-tehniki meseleleri çözmek bilen bagly mümkinçilikleriniň hem-de gorlarynyň derejelerine toplumlaýyn baha bermek bilen häsiýetlendirilýär. Ylmy-tehniki mümkinçiligiň esasy görkezijileri hökmünde bolsa bu ugurda hünärmenleriň bolmagy, ylmy-tehniki işleriň maddy-tehniki üpjünçiligi, maglumatlar ulgamynyň kämilleşmegi, ony meýil­leşdirmek hem-de dolandyrmak ýaly meseleler çykyş

Yl­my esas­ly önümçilik

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde ýurdumyzyň himiýa, gurluşyk, senagat, nebitgaz, oba hojalyk we dokma pudaklarynyň ylmy taýdan kämilleşdirilmegi babatynda uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Himiýa institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, ýerli çig mallaryň esasynda täze önümçilikleri döretmek, hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak boýunça ylmy-barlag we seljerme işleri alnyp barylýar.

«Smart siti» — täzeçillikleriň merkezi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan kemala gelen «akylly» şähergurluşy bilen sebitde meşhur Arkadag şäheri ýaşlaryň, innowasiýanyň iň täze gazananlarynyň, geljegiň şäheridir. Şeýle uly geljegi bolan şäheriň gurluşyk taslamalaryny we «akylly» ulgamlarynyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ýaş hünärmenleriniň işjeň çekilendigi bellärliklidir. Munuň özi häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli özgertmelere gatnaşmak, öz ukyp-başarnyklaryny iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de özboluşly taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanda binagärlik we tehnologik çözgütleri boýunça täsin şäheri döretmek pikiriniň özi ýokary derejede ösen döwlet hökmünde ýurdumyzyň geljegine strategik nukdaýnazardan garalýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Muňa mysal edip, «Tehno Merkez» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary tarapyndan Arkadag şäheriniň 1072 sany ýaşaýyş jaýynda «LoraWan» standarty boýunça suwuň, gazyň, elektrik energiýasynyň sarp edilişini hasaba alýan enjamlary hasaba almak işlerini ýerine ýetirmek tabşyryldy. Bu işi ýerine ýetirmeklige ýokary okuw mekdebimiziň maglumat ulgamlary

«Akylly» şäheriň «akylly» hyzmatlary

Ýol çyralar Arkadag şäheriniň köçelerindäki çyralar hem özboluşly aýratynlyga eýedir. Sary öwüşginli bu çyralar ümürli howada sürüjileriň öz ýoluny saýgarmagyna kömek edýär. Ekologik tarapdan saglyk üçin zyýansyz çyralar şäherde adam hakdaky aladanyň birjik-de ünsden düşürilmeýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Jümle-jahan habarlary

Şar görnüşli iň uly ekran ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde dünýäde şar görnüşli iň uly ekranda ilkinji görkeziliş boldy. Sphere binasynda tomaşaçylaryň ýüzlerçesini ýygnan we köpçülige niýetlenilen bu dabara äpet ekranda şöhlelenen dürli yşyklardan düzülen şüweleň bilen başlandy. Umumy meýdany 54 müň inedördül metre barabar bolan displeý hersi ýagtylyk diodlarynyň 48 sanysyndan ybarat bolan modullaryň 1,2 millionyndan düzülendir. Bu täsin häzirkizaman ulgamy ýokary reňkgeçirijilik häsiýetine eýe bolan görnüşleriň ählisine ekranda tomaşa etmek üçin niýetlenilendir. Binada köpçülikleýin çäreleri, bäsleşikleri, filmleriň görkezilişlerini guramak üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Sphere özünde birbada 20 müň tomaşaçyny jemläp biler.

Dabarasy asyrlara ýaň saljak «akylly» şäher

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan döwrebap Arkadag şäheriniň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Şäherdäki möhüm desgalaryň mynasyp atlandyrylmagy bolsa, esasy wakalaryň biridir. «Akylly» şäherdäki halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas Aba Annaýewiň, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň, Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň, welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry, meşhur «Wagzy-Azat» eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň, drama teatryna belli artist, režissýor hem dramaturg Aman Gulmämmedowyň, ýörite sungat mekdebine Sahy Jepbarowyň, çagalar sungat mekdebine Şükür bagşynyň atlarynyň dakylmagy ýurdumyzda halypalara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.